Gadym olceg birlikleri(Baýramdurdy Berdiýewiň makalasy esasynda)
Türkmen halky geçmişde öz milli ölçeg birliklerini ulanypdyr. Häzirki ulanylýan kilometr, metr, santimetr ýaly uzynlyk ölçeglerinden öň olara derek adamyň synalarynyň, barmaklarynyň, eliniň, aýagynyň we şuna meňzeşleriň uzynlyklary ulanylypdyr. Ol ölçeg birlikleriniň atlary çeper edebiýatda, şeýle-de oba ýerlerinde ýaşuly adamlar tarapyndan häzir hem ulanylýar.
Uzynlyk ölçeg birlikleri.
Çeper edebiýatda we durmuşda köplenç barmak, sere, agsak sere, ker sere, garyş, daban, gez, gary, gulaç, sala gulaç, hada, persah (farsah), agaç, menzil (mezil hem diýilýär) ýaly uzynlyk ölçeglerine duş gelýäris.
Käbir mysallar:
Garyş boýly sere satan. (Mätäji)
Saçy sala gulaç. (Mätäji)
Saçyň sanar men gulaçlap. (Mollanepes)
Ýüz kyrk alty müň agaç. (Magtymguly Pyragy)
Dört müň persah Ýemen, bir müň-de Bulgar. (Magtymguly Pyragy)
Geýip gider alty gary bizleri. (Seýdi)
Halnazaryň hadasynyň käýerde gysgalyp, käýerde uzalýandygyny Artyk aňdy. Arçynyň obasy Halnazaryňkydan ýarym menzil ýokardady.
Şu ýerde getirilen ölçeg birliklerinden başga-da, birnäçe birlik duş gelýär. Meselem, gözýetim, sesýetim, tagan aýak we ş.m. sözlere gepleşikde häli-şindi diýen ýaly duş gelýäris. Indi ýokarda getirilen ölçeg birlikleriniň häzirki wagtda ulanylýan metr ölçeg birligi bilen deňeşdireliň:
Barmak – 2 sm.
Sere – başam barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 19 sm hasaplanylýar.
Agsak sere – orta barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 12 sm.
Ker sere – külembike bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 15 sm.
Garyş – başam barmak bilen külembike barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 22 sm.
Gez – eliň barmagynyň ujundan tirsege çenli aralyk, iki garyş ýa-da 44 sm.
Gary – gerlen eliň barmagynyň ujundan döşe çenli aralyk, 2 gez ýa-da 88 sm.
Gulaç – gerlen iki eliň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk, 4 gez.
Sala gulaç – gerlip, arka tarap mümkin boldugyça öwrülen elleriň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk.
Hada – 1–3 gulaç.
Agaç – 12000 ädim, takmynan, 9 km.
Persah – takmynan, 6–7 km.
Menzil – bäş agaç ýa-da 25–45 km.
Daban – 27 sm.
Dovamy👆👇