yurejigim
08.09.2024 22:29
ÝOLBARS ADALATY
Ýolbars, möjek we tilki üçüsi awa çykýarlar. Olaryň awy diýseň oňýar: bir sany ýabany öküz, bir sany dag goçy, birem towşan tutýarlar. Ülpetler bir çeşmäniň başynda dynç almaga oturýarlar. Şonda ýolbars: «Awy adalatly paýlaşalyň. Möjek, muny sen oňararsyň» diýýär. Möjek ýerinden turýar-da, hiç hili gypynç etmän, awy paýlamaga başlaýar. Ol ilki bilen ýabany öküzi ýolbarsyň öňüne oklap: «Hojaýyn! Owaly bilen, iň irimiz sen, ikinjidenem, biziň hojaýynymyz bolup durýarsyň. Şonuň üçin ýabany öküz, goý, siziňki bolsun! Goçuň göwresi orta gürpde bolany üçin, ony men özüme alýaryn. Tilkiniň göwresi kiçi, şonuň üçinem, onuň paýyna towşan düşýär» diýýär. Möjek şeýdägedin dessine awy paýlaşdyryp çykýar. Muňa gahary gelen ýolbars: «Eý, möjek! Men seniň diýenleriňe düşünmedim. Hany, ýakynragyma gelip, täzeden bir düşündir» diýýär. Möjek onuň golaýyna barýaram welin, ýolbars urýar penjäni. Möjegi pers-ala edip taşlaýar. Soňam tilkä seredip: «Eý, tilki, bulary sen paýlaşdyr, özi hem adalatly paýla!» diýýär. Tilki ýolbarsyň öňünde hormat bilen tagzym edip: «Hojaýynjan, bu semiz öküz siziň guşluk naharyňyz bolsun. Öýlän wagty şorja çorbaly çekdirme gaty gowy gidýär, bujagaz goç hem öýlänligiňiz bolsun, haýwanlaryň şasy. Towşan bolsa, soltanym, şam naharyňyz bolsun!» diýýär. Ýolbars ýyrş-ýyrş edip tilkiden: «Tilki, sen diýseň adalatly ekiniň-aý. Örän ýerlikli paýlaşdyrdyň. Hany, sen aýt! Beýle adalatly bolmagy nireden öwrendiň?!» diýip soraýar. Tilki ýolbarsyň sowalyna jogap bermezden burun, ätiýaçdan yza tesip, mekirlik bilen gülýär-de: «Möjegiň başyna gelen beladan» diýip jogap berýär.
* * *
Adamogly her bir hadysadan sapak almagy başarmaly. Ýagdaýa görä, özüni ätiýaçly alyp barmaly. Ýerliksiz gözsüz batyrlyk etmek edermenlik däldir, eýsem nadanlykdyr. Esasanam, «Gün – güýçliniňki, gowurga – dişliniňki» diýilýän adalatsyzlygyň hökmürowan jemgyýetinde herki ädim oýlanyşykly ädilmeli.
12
52
okyyjy
9 Sentýabr 2024
Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde, ony başarmaga kişi gerekdir. Pyragy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.