enes_∞
08.09.2024 16:17
DANA

Adalatyň hökümi bar ýerde ýaragyň zerurlygy ýokdur.

Amýot

***

Gowy bolmak aňsat, adalatly bolmak kyn.

W.Gýugo

***

Üstünlik belki adama köp zat öwretmez, emma şowsuzlyk köp zat öwreder.

Hytaý nakyly

***

Ylmyň eýesi bolmak üçin zähmetiň guly bolmaly.

Balzak

***

Şeýle bir adamlar gördüm üstünde egin-eşigi ýok, şeýle bir egin-eşikler gördüm içinde adam ýok.

J.Rumy

***

Adam her wagt gahryman bolmaz, ýöne hemişe adam bolup biler.

B.Franklin

***

Hemişe dogry sözleseňiz näme diýeniňizi ýatlamaly bolmarsyňyz.

M.Twen

***

Az bilmek üçin köp okamak gerek.

Monteskýe

***

Kiçi zatlara gereginden artyk ähmiýet beren adamlar ellerinden uly iş gelmeýän adamlardyr.

Platon

***

Pozguç ulanmazdan surat çekmek sungatyna durmuş diýilýär.

J.Kristian

***

Adam näçe az bildigiçe şonça hem köp bilýändirin öýder.

Ž.Ž.Russo



Medeni Miras☘️
11
35
manolya
8 Sentýabr 2024
Balzak ))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.