senorita
08.09.2024 15:06
Ta­pa­la Na­da­mu­ni at­ly hin­dis­tan­ly ta­ly­byň dö­re­den ulu­ly­gy ba­ry-ýo­gy 0,65 sm bo­lan to­zan so­ru­jy, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Şeý­le­lik­de ol 2022-nji ýyl­da goý­lan özün­de de­giş­li bo­lan re­kor­dy 0,2 sm ta­pa­wut bi­len tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Ol bu ugur­da­ky re­kor­dy­ny il­kin­ji ge­zek 2020-nji ýyl­da 1,76 sm ulu­lyk­da­ky to­zan so­ru­jy bi­len go­ýup­dyr. Tä­ze mo­del ýaş ta­ly­byň yh­las­ly zäh­me­ti­niň we 50-den gow­rak gaý­ta­dan iş­le­nen she­ma­nyň ne­ti­je­si bol­dy. Bu to­zan so­ru­jy do­ly göw­rüm­li to­zan so­ru­jy­lar ýa­ly iş­le­ýär, ýag­ny ol ha­pa­ny sor­ýan ot­ri­sa­tel ba­sy­şy dö­ret­mek üçin elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ulan­ýar. Bu iş­de esa­sy kyn­çy­lyk to­zan so­ru­jy­ly­gyň ze­rur kuw­wa­ty­na ýet­mek bol­dy. Ýaş ta­lyp kor­pus üçin esas hök­mün­de şa­rik­li ruç­ka­ny ulan­dy we plas­tik­den hem-de me­tal­dan bir­nä­çe ele­men­ti goş­dy. Bu gur­lu­şyň için­de 4 wolt­luk wib­ra­si­ýa he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len iş­le­ýän aý­lan­ýan per bar. 23 ýaş­ly To­pa­la “Ga­jet­le­ri dö­ret­mek işi me­ni ça­ga­lyk­dan bä­ri gy­zyk­lan­dyr­ýar­dy. Men 4 ýyl­dan soň öz re­kor­dy­my tä­ze­le­me­gi ba­şa­ran­dy­gy­ma örän be­gen­ýä­rin” di­ýip, öz ga­za­nan üs­tün­li­gi­ni uly buý­sanç bi­len bel­le­ýär.


📌 zamanturkmenistan
9
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.