Guller___
08.09.2024 14:20
Pul

Bir bölek kagyzdyr ýasyl-gyzylly,
Onuň üçin niçe ömür üzüldi,
Pul üstünde turdy ençe zenzele,
Barlylaň adyna "Başlyk" dakyldy.

Ynsan terk eýledi öz doganyny,
Kem görmedi pulun ýeke sowanny,
Mätäç bolup barsaň döwüm çörege,
Utanmady, diýdi "Biz nä doganmy?"

Mejbur etdi ene-atadan geçmäne,
Bahana tapdyrdy her gün içmäne,
Adalatyň berkläp ýapan gapysyn,
Pul kömek etdirdi aňsat açmana.

Ýalançyda ýaşap gözmüz ýetirdik,
Pul gürlese adalat dymar eken,
Gazansa kakalar gijeler ýatman,
Hergiz ogullary wah ýeňer eken.

Hajymyrat Goşaýew
11
199
milanaaa
14 Sentýabr 2024
Hajymyradyn goshgulary entagem bar ekenow )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.