sabyrly
08.09.2024 13:19
Çaga gözüm bilen dünýä sereden,
Kämillik açary eziz mekdebim.
Ýaşlygmyñ ýazyna şaýatlyk eden,
Hoş gal deñ duşlarym, kitap depderim.

Ylym terbiýeden ýetirdiñ ýüküm,
Bilýänin gysganman paýlan mugallym.
Sagbollaşyp gitmek ýeñil däl eken,
Çeken azaplarñyz bir size mälim.

Çagalyk gol bulap çagyryp durmaz,
Süýji oýunlardan almarys lezzet.
Ýetginjeklik bize ynjalyk bermez,
Kime bagt berer, kimlere ezýet.

Duýgulam oýarýar soñky jañ sesi,
Ýollarymyz arzuwlara  äkider.
Yza dolap getirmez ol, hiç kesi,
Synaglar ynsany taplap, berkider.

Atylan seçme deý gideris herýan,
Täzeden bir ýere üýşmek kyn bolar.
Sanalgy günleri ýele sowurýan,
Uly,  kiçi aladalar  kän bolar.

Söýüp deñänim siz göwher daşyna,
Kalplary, kalbyma kybapdaşlarym.
Ýetenmizde Göroglynyñ ýaşyna,
Duşmak nesip etsin klasdaşlarym.

© Süleýman Teķäýew
10
72
PLANETA
20 Sentýabr 2024
Süleýman agam Ýyldyz derejan gutly bolsun. Mundan hem ýokary derejelere galmak nesip etsin agam!
gulmyradow
9 Sentýabr 2024
👍👍👍
okyyjy
9 Sentýabr 2024
🌟
sabyrly
8 Sentýabr 2024
Hemmäñize minnetdar!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.