enes_∞
08.09.2024 12:41
Ilkinji ýol yşygy


Ilkinji ýol yşygy ulaglaryň peýda bolmazyndan has irki wagtda, 1868-nji ýylda Londonda ulanylyp başlanýar. Ol şol wagt atlar we at arabalary üçin niýetlenipdir. Olar gaz bilen işleýänligi sebäpli, belli bir wagt geçeninden soň, partlap adamlary ýaralaýan eken. Şonuň üçin onuň ulanmagy goýbolsun edilýär. Emma ulaglaryň peýda bolmagy bilen ýol yşygynyň zerurlygy täzeden ýüze çykýar. Häzirki wagtda ulanylýan ýol yşyklaryna meňzeş tokly we awtomatiki işleýän ýol yşygyny, diňe başlangyç bilimi alan we ABŞ-nyň Kleweland ştadynda ilkinji garaýagyz ulag eýesi bolan Garret Morgan kämilleşdirýär. 1914-nji ýylda ilkinji barlaglaryna başlan Morgan, 1923-nji ýylda patentini alýar. Morgan aradan çykmazyndan ozal, 1963-nji ýylda patentini 40 müň dollara “General Electric” firmasyna satýar.

Çeşme: Peýdasyz Maglumatlar Ensiklopediýasy

Taýýarlan Gucci Lehman
11
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.