freaky
08.09.2024 06:48
3nji bölüm
Jennet haty okandan soň ýüzüni ýerden galdyrmady, utandy aşyk ýigidiň gözlerine bakmakdan çekindi.
Gyzyňam ýüreginde Maksada garşy duýgular ýok däldi, çünki Jennediň ejesi Merjen daýza Maksady örän gowy görýärdi we gyzyny oňa durmuşa çykarmak isleýärdi. Aram-aram degişýärmi ýa çyny bilen diýýärmi Jennede seni Maksada durmuşa çykarjak diýerdi. Maksat haty okap bolandan soň, aşak bakyp oturan Jennediň elinden tutdy. Gyz derrew aşyk ýigidiň gözlerine bakdy, Maksat oňa şeýle diýdi:
■ Jennet men seni söýýän!!!
Gyz jogap bermän saklandy. Çagalykdan bileje önüp- ösenleri üçin Jennet Maksady gowy tanaýardy onuň söýen gyzyny jany-teni bilen söýüp, elmydama bagtly etjegini bilýärdi. Maksat utanjyndan ýaňa gürläp bilmän duran Jennede bakyp ýene-de şol söýgi sözlerini gaýtalanda ol ýuwaşlyk bilen:
• Menem
diýip jogap berdi. Maksat bu jogaby eşidip özüni ýitirdi, aýaklary ýerden kesilen ýaly boldy. Birdenem begenjine Jennediň ýaňagyndan ogşap goýberdi. Jennet utanjyna çym-gyzyl boldy, Maksadyňam ýüzi Jennediň ýüzi ýalydy. Utanjyndan oturyp bilmän Jennediň otagyndan çykyp göni öýlerine gaýtdy. Öýüne gelse öýündäkiler eýýäm ýatan ekeni. Ol ýuwaşlyk bilen pişik basyşyny edip öz otagyna geçdi. Uzak gije begenjinden ýaňa gözüne uky gelmedi.
Şol begenip ýatyşyna birdenem tomusky okuw
rugsadynyň tamamlanmagyna bary-ýogy birje gün galandygy ýadyna düşdi. Söýgä sataşyp aşyk ýigit tas wagtyň hasabyny unudan ekeni. Ertesi gün Maksat dogan-garyndaşlary bilen hoşlaşmaga gitdi. Ählisi bilen hoşlaşyp, iň soňunda Merjen daýzalaryna bardy. Daýzasy bilen sagbollaşyp Jennediň otagyna girdi. Otaga girse Jennet gözüni güldürüp aşyk ýigidini görenine örän begendi. Maksadam oňa ýylgyryp bakyp durdy. Otagyň içini ümsümlik gurşap aldy. Şol wagt diller däl-de gözler öz aralarynda gürleşýärdiler. Maksat bu ümsümligi bozup Jennede okuw rugsadynyň tamamlanandygyny, ertir ýola düşýändigini aýtdy. Jennet ony eşidip, ýüzündäki şatlyk-şowhunyň yerine gam-gussa aralaşdy. Ol söýgülisinden beýle
çalt uzaklaşmak islemedi. Garaja gözlerinden dar
damja göz ýaşlary akyp başlady. Maksat özüniň
wagtlyk gitmeýändigini, ýygy-ýygydan hat ýazyp durjakdygyny aýdyp söýgülisini biraz köşeşdirdi-de hoşlaşyp gaýtdy.
10
53
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.