senorita
07.09.2024 19:17
Boz çekeýik (Каменка плясунья) guşlaryñ bir gõrnũşi. Bu guşuñ uzynlygy takmynan 15-17 sm, ganatynyñ uzynlygy 8-9 sm bolup, onuñ agramy bary-ýogy 27-30 gram aralykdadyr.
Boz çekeýik Gũnbatar Aziýadan Mongoliýa çenli çõl we sãhra landşaftlarynda ýaşaýar.
Awgust aýynyň ortalarynda ýa-da sentýabryñ başynda guşlar gyş ũçin Gũndogar Afrika, Arabystana we demirgazyk-gũnbatar Hindistana gõçýãrler we mart-aprel aýlarynda ol ýerden gaýdýarlar.
Bu tãsin guş maýda mõr-mõjekler, olaryñ liçinkalary, mõýler, agaç bõlekleri bilen iýmitlenýãrler.

Boz çekeýik guşy dũrli guşlaryñ we haýwanjyklaryñ seslerine õýkũnmek ukyby bilen tapawutlanýar. Bu guş saýranynda, guşlaryñ kõp gõrnũşleriniñ seslerine, şeýle hem syçanyñ duýduryşyna, adamyñ sykylygyna, eşegiñ aññyrmasyna, hatda geçip barýan kerweniñ galmagalyna hem õýkũnip bilýãr.
16
60
senorita
7 Sentýabr 2024
@garlawac, 🌷
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.