enes_∞
07.09.2024 18:41

Bloger täze Google Pixel 9 Pro XL-i döwüp gördi
blogeriniň Samsung Galaxy Z Fold 6 smartfonynyň kraş-synagyny geçirip, ony çyzylmalara, egreltmä, oduň we çägäniň täsirine garşy nähili barlandygyny habar berdi. Indi blogeriň “pidasy” täze Google Pixel 9 Pro XL modeli boldy. Smartfon 13-nji awgustda hödürlendi we bahasy azyndan 1099 dollara durýar.

Smartfon zeper ýetmeleriň dürli görnüşlerine haýran galdyryjy çydamlylygy görkezdi.
Birinji synag – ekrany çyzmak. Displeý Moos şkalasy boýunça gatylygy 5-e çenli gurallaryň täsirine çydamly boldy. Sypjyryklar diňe gatylygy 6 bolan gural ulanylanda peýda boldy, has çuň sypjyryklar bolsa 7 gatylygyň täsirinde ýüze çykdy. Ýöne hatda kanselýariýa pyçagy-da ekranda düýpli yz galdyrmady.

Ikinji synag gurluşyň alýuminden ýerine ýetirilen gapdal çarçuwasyna täsir etdi. Material sypjyrylsa-da, ol ýere gaçanda amortizasiýany üpjün edýär, bu hem ekranyň zaýalanmak töwekgelçiligini azaldýar.
Üçünji synag – oduň täsiri. Bloger 30 sekundyň dowamynda ekrana ot tutdy. Ýakynda geçirilen kraş-synagynda Samsung Galaxy Z Fold 6-nyň ekranynda oduň şeýle täsirinden soň ýaşylymtyl yz galypdy. Ondan tapawutlylykda, Google-yň täze smartfonynyň displeýine hiç hili zeper ýetmedi.
Google Pixel 9 Pro XL egreltme synagyndan hem üstünlikli geçdi.
Netijede, bloger ekranyň ýokary derejede berkligini, korpusyň mäkämligini we gurluşyň gurnama hiliniň ýokarydygyny belledi.



tmcars habarlaryndan..
10
61
ideallider
7 Sentýabr 2024
Hijisem "Ulefone Armor"-a deň gelmezle👍
zumerret_
7 Sentýabr 2024
Wo )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.