yurejigim
07.09.2024 09:24
Haýa
Eneleriň täji, Hasan we Hüseýin hezretleriniň (radyýallahu anhum) ejesi, adamzada gelen iň haýyrly Ynsanyň (s.a.w) gyzy hezreti Fatymanyň (r.a) ýagdaýy gün-günden agyrlaşýardy. Ol Pygamberimizden (s.a.w): «Meniň ýanyma ilki bolup sen gelersiň» diýen buşlugy alansoň, begenji çäksizdi. Ol bu duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Şol günlerde bir garry zenan sahaba halyndan habar almak üçin onuň ýanyna geldi. Bu zenanyň göwnüne bolmasa, Fatyma enemiz (r.a) birhili, aladaly görünýärdi. Şonuň üçin ol Fatyma enemizden (r.a):

Näme boldy, ölmekden gorkýarmyň? – diýip sorady. Fatyma enemizi (r.a) bolsa başga zat aladalandyrýardy:
Ýok, ölmekden gorkamak. Hernäçe kepen bilen örtülen hem bolsam, tabydyň üstünde şol ýagdaýda ile görünmekden haýa edýärin. Ana, şony endişe edýärin!
Dogrusy, jennetde adamyň haýyrdan özge zada ukyby boljak däl. Şeýle hem bolsa, Pygamberimiz (s.a.w) haýa hakda gürrüň açan wagty, hatda jennetde Fatyma enemiz (r.a) üçin «Eý, jennet ähli! Gözüňizi ýumuň! Haýanyň janly nusgasy Fatyma (r.a) gelýär» diýlip jar çekdiriljegini aýdypdyr.
Araplaryň tabyty tep-tekiz tagtadan ybarat. Zenan maşgalanyň jesedi gatbar-gatbar kepen bilen örtülýär. Şol güne çenli del göze görünmedik enemiz gabyra barýarka-da, şol ýagdaýda hem bolsa ýene-de del gözlere görünmekden haýa edýärdi. Şojagazyndan hem biynjalyk bolýardy.

«Eý, jennet ähli! Gözüňizi ýumuň! Haýanyň janly nusgasy Fatyma (r.a) gelýär»
8
30
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.