2nji bölüm
Ertesi gün ir säherden Maksat oýanan badyna aljyraňlyk bilen el telefonyny aldy we Jennediň belgisine aýlady. Jennet jaňy aldy:
■ alo
■ Salam Jennet men Maksat!
■ Salam Maksat gowumy ýagdaýlaň? Daýzam dagam gowumy?
Hawa oňat menem. Ejem dagam oñat ýagdaýlary!
■ Hm bolýa
■ Neme Jennet doglan günüň gutly bolsun uzak ýaşa!
■ Hm sagbol Maksat. Yadyňdan çykarmansyň. Bilýäňmi sen meniň doglan günümi ilkinji bolup gutladyň!
• Heý seniň doglan günüňem ýatdan çykaryp bolarmy! Ilkinji bolup gutlan menmi? Gör nähili bagt!
■ Düşünmedim nämäň bagty?
■ Bolýa Jennet sonra düşündirerin sagbol!
■ Bolýa sagbol!
Aşyk gyzynyň doglan gününi ilkinji bolup gutlamagy Maksadyň şatlygyna şatlyk goşdy. Aýaklary ýerden kesilen ýaly boldy. Onuň ýüzündäki ýylgyryşyndan gözleriniň içindäki söýgi uçgunjyklarynyň ýalpyldaýşyndan onuň aşyk bolandygyny aňmazlyk mümkin däldi. Maksadyň ejesi Mähri daýza örän synçy zenandy. Oglunyň hereketlerinden onuň bir gyza aşyk bolandygyny andy. Soramakçy boldy emma oglunyň çekinip aýtmajagyny bildi.
Aşyk ýigit şol begenip ýörşüne nädip agşam düşenini bilmedi. Agşam naharyny edinenden soň ol Jennede ýazan goşgusyny bermek hem-de oňa bolan duygularyny aytmak üçin Merjen daýzalaryna gitdi. Merjen daýzasy ony örän gowy görýärdi ha öz ogullaryna hem: "Maksatdan görelde alyň şolar ýaly köp kitaplary okaň, ýokary okuw jaýynyň talyby boluň" diýip ündärdi. Merjen daýza Maksady görenine begenip ony mähir bilen gujaklady. Saglyk amanlyk soraşylandan soň, Maksat öz otagynda oturan Jennediň ýanyna bardy. Ilki bilen onuň gözlerine bakyp doglan gününi gutlady. Soňra ýanyna alyp gelen goşguly kagyzyny onuň eline berdi we okamagyny haýyş etdi. Haty eline alan Jennet geň galyp Maksada seretdi-de, garaja gözlerini tegeläp haty okamaga başlady. Hatda söýgi sözleri ap-açyk beyan edilipdi.