enes_∞
06.09.2024 22:02

Haýsy ýagdaýda ýatmak dogry?


Ortoped lukmanlaryň bellemegine görä, uklanda adamynyň arkan we gapdallaýyn ýatmagy saglyk üçin has ýaramly bolup durýandyr we onuň içki agzalaryň ýagdaýyna ýaramaz täsiri ýokdur. Ýüzin (garnyň üstünde) ýatmagy halaýan adamlar onuň saglyk üçin oňaýly däldigini we oňurganyň üýtgemegine getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Uklanyňda gowy dynç almak üçin aşa ýumşak bolmadyk ýerde (düşek) ýatmak maslahat berilse hem, hemme adamlara, esasan hem oňurga bilen bagly kynçylyklary bolan adamlara bu amatly bolmaýar. Şonuň üçin hem her adam özüniň dynç almagy üçin ýaramly düşegi saýlamalydyr.

Arkan ýatylanda oňaýly bolar ýaly şu şertleri berjaý etmek peýdalydyr:

Özüňize ýaramly düşekde arkan ýatyň, kiçijik ýassyjagy dyzyňyzyň aşagyna goýuň. Dyzyňyzy biraz epiň we endamyňyzy gowşadyň.
Biliňiziň aşagyna oňurganyň bil bölümine söýget bolar ýaly ýumşak, uly bolmadyk ýassyjagy (ýa-da ýumşak zady düýrläp) goýuň. Oňurganyň şeýle ýagdaýy onuň gyşarmagynyň, üýtgemeleriniň öňüni alýar.
Ýatylýan ýassyk orta ýumşaklykda bolmalydyr we örän beýik bolmaly däldir. Kelle bilen oňurga bir tekizlikde ýerleşmelidir.
Gapdal ýatylanda şu şertleri berjaý etmek peýdalydyr:

Sag ýa-da çep gapdalyňyza ýatyň. Ýüzüňizi erkin dem almak üçin biraz öňe egmelidir.
Aýagyňyzy dyzyňyzda epläp, dyzlaryňyzyň arasyna ýassygy (çanaklyk oňurga bilen bir tekizlikde ýerleşer ýaly) goýuň. Uklanyňyzda aşa epilip, düýrlenip ýatmakdan saklanyň.
Uzak wagtlap bir tarapyňyzda ýatmakdan gaça duruň. Bir tarapdan beýleki tarapa öwrülmäge çalşyň. Bir tarapyňda ýatmak oňurganyň, döş kapasasynyň gyşarmagyna, arkada agyrylaryň döremegine sebäp bolup biler.
13
66
zumerret_
7 Sentýabr 2024
Sag gapdala yatsaň bagyryňa zyyan, çep gapdala yatsaň yürege zyýan, arkan yatsaň öýkene zyyan , yüzin yatsaň aşgazana zyyan . . .😄. . . Indi name etmeli )
Islam_Atayew
6 Sentýabr 2024
ortaky iki şekilde uklamak "bedeniñ temperaturasyny kadaly ýagdaýda saklaýa" diyip lukman tanşymdan eşdipdim.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.