Ýuwaş-ýuwaşdan
Gelinlerde haýa bilen birlikde,
Ýaşmak ýitip barýar ýuwaş-ýuwaşdan.
Köp gelinler şer gözlänsoň her gepde,
Jenjel utup barýar ýuwaş-ýuwaşdan.
Eneden-atadan daş edip ärin,
Indikiler şeýdip alýarmyş aryn.
Gül ýaly maşgalaň agzybir törün,
Gybat ýykyp barýar ýuwaş-ýuwaşdan.
Her kim gelin alar garaşyp ýyllar,
Soňam bir çaý üçin ogluňa ýalbar.
Gelin hyzatyndan geçdi gaýynlar,
Hormat ýatyp barýar ýuwaş-ýuwaşdan.
Nirde dokma dokan türkmen aýaly,
Tamdyr boş durmazdy toý bolýan ýaly.
Indi her kim gözläp iň aňsat ýoly,
Işgär tutup barýar ýuwaş-ýuwaşdan.
Zeýrenip otyrma mähriban ene,
Söz geçirmek kyndyr gelinlerňize.
"Alma biş agza düş" diýilen ýere,
Indi ýetip barýar ýuwaş-ýuwaşdan.
Kuwwat Ýazmuhammedow