Fatima
11.05.2020 00:46
"OL ÖZ SÖÝGÜLISINIŇ JESEDIDIGINI BILMEDI..."
1-bölüm.

DILBERNAZ.

Agsamarady. Tylla aydym dinlap, el isleri bilen gumra bolup otursyna oydakilerin hemmesinin gecip yatanlaryny duyman galypdy. Olam yatmak ucin, edip oturan islerini bukja yygnasdyryp otyrka, penjiranin aynasyna kicijek das degen yaly ses esitdi. Ol ona kan bir uns bermedi, sebabi, bu gun howada uzakly gun bulut garalyp yagys yagjaga menzap durdy. Sonun ucinem Tylla dasarda yagys yagyp baslandyr, yagys damjasy penjira degip sygyrdayandyr oydup pikir etdi. Zatlaryny salyp goyan bukjasyny tekja galdyrmak ucin yerinden turany soldy, penjire yene sytylady. Ol bu gezek oyun cyrasyny ocurdi-de aynadan dasaryny synlady. Goraymage zat yok yalam boldy welin, yone Ayyn yagtysyna penjira golay yerde birinin durandygyny we ozune tarap bir yigidin yylgyryp, ellerini salgylayanyny gordi. Bu bolsa soygulisi Batyrdy. Tylla bir bada gorkjak yaly etdi we Batyry gorup, begenjine icini cekdi-de, yzyna cekildi. Gozune gorunyandir oydubem, yene ikinji gezek seretdi. Batyryn yuzi ak bolanson, garankyda bolsa-da, mese-malim ony tanasan bolyady. Tylla Batyry ymykly gowy tananson, ol yuwaslyk bilen dasaryk cykdy. Batyr ony dessine garbap aldy we bagryna basyp, bir salym seslerini cykarman durdular...
6
47
Senem
11 May 2020
❤️❤️❤️❤️❤️?????
BaHaRjYk.
11 May 2020
Yzy ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.