Puly nädip aňsat gazanylýar ýa-da gazanýarlar?
Soňky döwür pul gazanmak üçin şu gymmat döwürde herkim ýaryşa giren ýaly. Näme, ýaşamak üçin pul gerek, pul üçin ýa zähmet gerek ýa-da kelle gerek diýilşi ýaly meň hem haýran galdyryjy bir wakany başdan geçirdim.
Bilýänsiňiz köpçülik ýerlerde awtobus, poýez, bazar ýaly adamlaryň köpçülikleýin ýerlerine herhili gep gürrüňleri eşitmek bolýar... Men hem awtobusda iki zenanyň gürleşip duran zatlaryna ünsümi çekip, gulak gabardyp görsem hakykatdan hem adamlaryň akmaklygymy ýa şeýle zat barmy diýdim öz-özüme.
Nätanyş zenan ýanyndaka aýdyp berýär: — — Saňa palçy gerekmi? Meň gowy bilýän palçym bar, menem şoňa atdyrdym ýöne öýünde ýa-da başga ýerde däl telefon arkaly seň ykbalyňa seredip berýär – diýende men has hem gyzyklandym.
Kim ol belli däl diňe bir bilgiçlik etmän adamlaryñ durmuşyny hem baglamagy ýa-da ýykmagy başaryp bilýär we şeýlelik bilen ol adamyň telefon arkaly ykbaly “çözülýär”. Şeýle hem belli bahasy bar ilki telefonynyň hasabyna 30 manat geçireňsoň soň seredip berýärmiş. Meň göwnümden turmasa näme ýada bolmasa aldasa meni biderek pulyň gitýär olaram otyran ýerlerinden pully bolýalar.
Adamlaryň ylmy taýdan pes derejede bolmaklary sebäpli bu kemçiliklerini herhili ýagdaýda ulanýan şahsyýetleriň işi barha möwjäp barýar, bularyň uly bir bölegi palçylardan ybarat.
Palçylar bilim taýdan gowşak adamlary öz oýunlaryna sezewar etýäler. Olaryň edýän işi käbir durmuşdan nägile bolan adamlaryň, pul taýdan kynçylyklara sezewar bolan adamlaryň, maşgalasynda mesele bolan adamlaryň, ýene dürli meseleleri bolan jemgiýetiň ruhy düşünjelerine we pikirlerine täsir edýär. Olaryň bu edýän işleriniň garşylygyny pul bilen ölçeýärler we esasanda kanuny ýoldan dälde eýsem bikanun ýoldan, ýagny myş myşlary bilen öz atlaryny tanatýarlar.
Onsoňam egerde şular ýaly bir iki sany palçylaryň çaklamalarynyň bir iki sanysy dogry bolaýsadagy adamlaryň dilenden düşmän beýleki adamlaryň gulagyna çalynyp öz wezipelerinde meşhur bolýarlar.
Aňsat gazanç diýmelimi, haram gazanç diýmelimi ýa-da kyn günde kellesini işletdi diýmelimi doly menä bilemok ýöne aňsat iş.
Indi dükan gözläp, oňa pul tölap oturmaly däl. Özüňi, harydyňy ýa-da işiňi tanatjak bolýaňmy tehnalogiýadan peýdalanyp ony özlerine tarap ulanmagy başarýarlar. Şeýle hem aňsatlyk bilen bir elinde telefon, bir elinde kofýasyny içip harydyny ýa-da öz işini reklama edip ýüzlerçe müşderini özüňe baglap bilýäň.
Palçy
Hamana bilýän dek, geljege garap,
Köne karty garyp atýar palyny,
Pikirleriň beýan edýär jikme-jik,
Ine, onsaň ynanylmaz ýalymy?
Aslynda taşlanan gurra ynanyp,
Geljegimi gözlemändim palymda,
Ilki bäşlik zyňdym, soň bolsa onluk,
Bu zatlar hiç...
Gyzyklanmaň ýanynda.
Garyşdyryp karty bakyp gözüme,
Ogluň pylany bor, gyzyň pylançy,
Ýylgyryp, ýanyndan turdumda gaýtdym,
"Basym öýlenýärsiň" diýende palçy.
Remezan Mätgurbanow