freaky
06.09.2024 17:52

Bolan waka.

1nji bölüm

Asmanda patrak deýin ýyldyzlar şöhlesini saçyp, rahat ses- üýnsüz tomus gijeleriniň biridi. Gündiz oba ýerinde zähmetiň gaýnap, gijelerine zähmetkeş adamlaryň jana melhem gök çaýdan teşneligini gandyryp, gündizki ýadawlyklaryny sowýan wagtlarydy. Şol wagt Maksat asmana seredip, ýyldyzlary synlap göýä öz aşyk bolan gyzynyň keşbini şolarda görýän ýaly çuňňur oý-pikire batyp ýatyrdy.

Maksat ýokary okuw jaýynda okaýardy. Ol orta boýly, tegelek ýüzli, alçak, sypaýy oglandy. Onuň in halaýan zady özbaşdak gyzykly kitaplary okamakdy. Ol oba tomusky okuw rugsadyna baranda Jennet atly bir gözel gyza aşyk boldy. Maksat Jennede aşyk bolmazyndan öň hem ony gören mahalynda ýüreginiň urgusy çaltlaşyp, mälim bolmadyk ajaýyp duygular gurşap alýardy. Jennet Maksadyň daýzasynyň gyzydy, şonuň üçinem ol ýüreginde dörän bu ajap duýgyny gyza aýtmakdan çekindi. Biraz wagt geçse bu duygular wagtlaýyndyr unudylyp gider diýip pikir etdi, emma ýüregindäki söýgi uçgunjyklary edil gury oduna düşen köz deýin ýakyp ýandyryp barýardy. Jennediň gül keşbi Maksadyň gije ýatsa düýşüne, gündiz wagty göz öňüne gelip başlady. Ahyry ol Jennede ýüregindäkini aytmaly diýen netijä geldi. Birdenem ertir Jennediň doglan günüdigi onuň ýadyna düşdi. Aşyk bolan gyzynyň doglan gününi nähili gutlajagy hakynda oýlanyp howsala düşüp başlady. Ajaýyp duygulara gaplanan aşyk ýigidiň ýüregi joşman durjakmy. Jennediň görmegeý, mähirli keşbini ýatlap Maksat ýüregindäki duygularyny hem siňdirip goşgy setirlerine başlady. Goşgy ýazyp oturyşyna ol eli kagyzdyr galamly uklap galdy.

15
102
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.