enes_∞
06.09.2024 00:21

BSGG: ykjam telefonlar ulanmak bilen beýniniň rak keseliniň arasyndaky baglanyşyk ýok
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) smartfon ulanmak bilen beýniniň rak keseliniň döremek töwekgelçiliginiň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýokdugyny mälim etdi. Şeýle netijä 1994-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli geçirilen 63 barlagyň maglumatlarynyň seljermesi esasynda gelindi diýip, Reuters habar berýär.

Dünýäniň on ýurdunyň bilermenleri jübi telefonlaryndan we beýleki telewizor, radar ýaly enjamlardan gelýän radioýygylyk şöhleleriniň täsirini öwrenmäge ünsi jemlediler. Netijede, barlaglaryň hiç biri ulularda ýa-da çagalarda beýniniň, gipofiziň ýa-da tüýkülik mäziniň rak keseliniň ýokarlanýandygyny görkezmedi.
Bu netijeler BSGG-niň we beýleki halkara guramalarynyň jübi telefonlaryndan çykýan radiasiýanyň zyýanlydygyna hiç hili ynandyryjy subutnama tapmadyk öňki netijelerini tassyklaýar.
Rak keselini öwrenmek boýunça halkara gulluk (IARC) 2011-nji ýylda "kanserogen bolmagy ähtimal" (2B klas) derejesine degişli edilen telefonlardan gaýdýan radiasiýanyň klassifikasiýasyna täzeden seretmek isleýär.
BSGG-niň täzeden kesgitlejek netijeleri 2025-nji ýylyň başynda çap ediler.

tmkars
16
57
okyyjy
6 Sentýabr 2024
gunesh_
6 Sentýabr 2024
@sazsoft, dogry 👍
sazsoft
6 Sentýabr 2024
@gunesh_, Hawa, dogry aýdýaňyz. Radiasiýadan adama zyýan ýetmese, peýda ýetmez. Hökman rak bolmasaň bolany, ulanybermeli arkaýyn diýen zat ýok, başga-da giden köp zyýany bar. Iň bärkisi gözler üçin, kelle üçin...
gunesh_
6 Sentýabr 2024
Onda-da şu zatlar adamdan näçe uzak bolsa şonça peýdaly diýip düşünýän menä
zumerret_
6 Sentýabr 2024
Kesel doretyar yassygynyzdan 2 metr uzaklykda goyuň " diyipdiler .
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.