enes_∞
06.09.2024 00:14

Iň az nika bozulýan ýurtlar belli boldy
Her ýyl ABŞ-da takmynan 4-5 million adam nika baglaşýar diýip, «Habar 24» ýazýar. Olaryň ýarysy netijede nikanyň bozulmagy bilen tamamlanýar. Esasy sebäpleriň biri-de maliýe meseleleridir.

Iň köp aýrylyşýanlaryň ýurdy Maldiwler döwletidir, ýurt bu ugurda 2020-nji ýylda rekord goýdy diýip, «World Population Review» atly bütindünýä ilat ýazuwy edarasy habar berdi. Maldiwlerde her 1 müň adama bäş nikanyň bozulmagy degişlidir. Munuň sebäbi nikanyň mukaddesliginiň alga alynmaýanlygydyr, ýurtda nikany bozmak baglaşmak ýaly aňsat.

Belarusda hem soňky ýyllarda nika bozulmalaryň artýandygyndan ynjalyksyzlanýarlar. Mysal üçin, 2020-nji ýylda bu görkeziji tas 70 göterime golaýlady. Kazyýet tejribesi nikany bozmak babatda ýüz tutýanlaryň, esasan, aýallardygyny habar berýär.

Iň az aýrylyşýan raýatly ýurtlaryň başyny Şri-Lanka çekýär. Bu ýerde her 1müň adamyň 0,15 göterimi nikasyny bozýar. Onuň yzysüre Wýetnam we Gwatemala gelýär. Munuň sebäbi bagtly we berk maşgalalaryň köplügi bilen däl-de, aýrylyşmagy resmileşdirmegiň kyndygy bilen baglydyr.

👰💍🤵
16
96
Karaleva_
6 Sentýabr 2024
@flowers_, dogru
flowers_
6 Sentýabr 2024
"Munuň sebäbi nikanyň mukaddesliginiň alga alynmaýanlygydyr"😐
Karaleva_
6 Sentýabr 2024
🙄🤔
sazsoft
6 Sentýabr 2024
@ideallider, 👍🏻
sazsoft
6 Sentýabr 2024
@gunesh_, 😂
zumerret_
6 Sentýabr 2024
*hawa
zumerret_
6 Sentýabr 2024
@gunesh_, hawalan. Meňa bu temadan kan bilyan zadyma yok welin ayrlsjak bolsanam pul tolemeli eken diyip esidipdim . Cynmy yalanmy onam bilemok dogrysy 🤔
gunesh_
6 Sentýabr 2024
@zumerret_, pikir alyşmak gyzykly gaýtam. Başyny kim başlany gyzykly däl. Çekeleşilýän meselä bagly:)
ideallider
6 Sentýabr 2024
@sazsoft, teswirleriňi pozmaly👍
zumerret_
6 Sentýabr 2024
@gunesh_, başyny başlanam sen diysene maňa 😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.