enes_∞
05.09.2024 20:06

Ýaponiýaly ömrüni «iki esse uzaltmak» üçin gije-gündizde 30 minut uklaýar
Ýaponiýaly ömrüni iki esse uzaltmak üçin gije-gündizde bary-ýogy 30 minut uklaýandygyny gürrüň berdi diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Daýsuke Hore diýen erkek kişi soňky 12 ýyl bäri günde ýarym sagat uklaýandygyny aýdýar. Ol şunda güýç toplamak üçin dowamly ukynyň däl-de, has oňat hilli uklamagyň möhümdigini nygtaýar. Ol şeýle etmek bilen, ömrüni iki esse uzaldýandygyna ynanýar.

Hore ilkibada oýananda, ukynyň basmarlaýandygyny, emma munuňam çäresini tapandygyny aýdýar. «Eger siz sport bilen meşgullanýan ýa-da naharlanmazdan öňürti kofe içýän bolsaňyz, ukudan açylsa bolýar» diýip, ol öz usuly barada pikirini paýlaşýar.

Emma lukmanlar Daýsukä öýkünmezligi, munuň saglyga zyýan ýetirip biljekdigini duýdurýarlar. Olar oňat hilli we dowamly ukynyň ýürek-damar ulgamynyň işi, iýmit siňdiriş we beýni üçin peýdalygyny aýdýarlar. Munuň üçin uly ýaşlylara her gije sekiz sagada çenli ukyňy almak gerek.

Turkmenportal
18
136
sazsoft
Friday 22:16 wagtda
@gunesh_, @manolya, 👍🏻
manolya
Friday 19:12 wagtda
Alymlar gije -gündizde 4-5 sagat ýatypdyr ,şundan az ýatsaň ýüregiň,beýniň işleýşi bozulýar esasylar bozulsa maşynyň matory bozulan ýaly bolarda (ömrüni iki esse gysgaltýan bolaýmasa -da)
manolya
Friday 19:10 wagtda
Aç öze kofe aşgazana zyýanly.
manolya
Friday 19:08 wagtda
Hemmäni aldapdyr )
gunesh_
Friday 19:04 wagtda
@zumerret_, az uky elbetde gowy ýöne edil 30 minutlygam däl. Kitabam iň az 4 sagat diýýän bolmaly. Ýöne ukydan artdyran wagtyňam peýdasyz sarp etjek bolsaň ýene wagt ýitirmek bolýa diňe.
ayymsha
Friday 13:16 wagtda
@sazsoft, 😄
okyyjy
Friday 05:33 wagtda
Her hilli adam baraý. Allaň bermedik ömrüni ukydan alyp boljakmy
sazsoft
Friday 03:30 wagtda
Eýýäm o dünýäsi golaýlana meňzäp dur daşyndan. Aý, bolýa-da...
garlawac
Thursday 23:34 wagtda
Neresse
ideallider
Thursday 23:06 wagtda
Şuňa meň döreden "Meni ýok edip öldüriň" eserimi okatsaňyzlaň😋👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.