enes_∞
05.09.2024 18:45

Tasinlikler dünyası 🪐
Adamlaryň 97 göterimi eline täze ruçka alanda, ilki bilen, öz adyny ýa familýasyny ýazýar.
Beýik Hytaý diwaryny diwar kagyzlary bilen ýapmak üçin 15 840 000 sany kagyz düýrmegi gerek bo­lar.
Türgenleşikde agyr bolsa, söweşde ýeňil bolar».
Dünýäde iň köp ýaýran familiýa— Çang.
Ford awtomobilleriniň «T» modeli önümçilige ornaşdyrylany bäri, onuň
15 700 003 sanysy öndürilipir, olaryň hemmesi-de gara reňkli bolupdyr.
Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjylary Karolina we Ralf Kamminsiň maşgalasynda ýedi çaga bar. Olaryň 5-siniň doglan güni 20-nji fewraldyr. Ýok, olar bäşem çaga däl. Olar dürli ýyllarda şol bir günde doglupdyr.
Kompakt-disk ortadan gyra okalýar, ýöne ýazylanda — gyradan orta.
Doňuň dykyzlygy betonyň dykyzlygyna deňeçerdir.
Ortaça bir aýal ömrüniň dowamyn­da 2 kilogram dodak pomadasyny ulanýar.
Iň uly sana sentilon diýilýär. Bu sanyň 600 sany noly bar. Ol 1852-nji ýylda ýazylypdyr.
Dünýäde iň meşhur zenan ady — Annadyr. HäziM millionagolaý zenan şol ady göterýär
Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.
Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.
Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.
Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard tonna artdy.
Gyzgyn suwuň sowuk suwa garanyňda agramy agyrdyr.
Eger 111 111 111 sany edil özüne köpeltseň, onda şunuň ýaly täsin sanlar emele gelýär: 12 345 678 987 654 321 (sanlar tertip boýunça ilki ulalýar,
soňra kiçelýär).
Kosmosa uçan ýeke-täk är-aýal— amerikan astronawtlary Jen Dewis we Mark Li dagy boldy. Olar 1992-nji ýylyň 12-20-nji sentýabrynda kosmosda bolan «Endewer» kosmiki gäminiň ekipažynyň hataryna girdiler.
Kelpezäniň dili onuň özünden iki esse uzyndyr.
Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň her ikinjisi 40 ýaşyna
çenli millioner bolaryn diýip çaklaýar.
Kosmiki gämi 10 minudyň dowamynda Ýeriň üstüniň 1 million inedördül kilometrini surata düşürip bilýär. Uçardan şonça meýdany surata düşürmek üçin 4 ýyl gerek bolar,geologlara we geograflara bu kär 80 ýyl iş bolardy.
Ikinji müňýyllygyň başynda (1000-nji ýyl) Ýeriň ilaty 400 million adam
bolan bolsa, şol müňýyllygyň ahyrynda (1999-njy ýyl) bu san 6 milliarda ýetdi.
Iň gysga wagtlyk uruş 1896-njy ýylda hasaba alnypdyr. Şonda Angliýa Zanzibara hüjüm edýär, onuň goşuny bary-ýogy 38 minut söweşipdir.
Günorta Afrika Respublikasy dünýäde öndürilýän altynyň 3-den 2 bölegini gazyp alýar.
Dünýäde iň köp ýaýran we iň meşhur at — Muhammet.
Moskwanyň 1 millionynjy ýaşaýjysy 1837-nji ýylda doglupdyr.
Şwesiýada 300 müň adam Karlson (ýa-da Karlsson) familiýasyny göterýär.
Aýakgaplaryň ölçegi 1792-nji ýylda aýakgap ussasy Jeýms Smit tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.
Garynjalar hiç wagt uklaýan däldirler.
Suworowyň aýdan belli sözi asyl nusgasynda şeýle bolupdyr:
Maýk Taýsoň professional ringde
geçiren boks ýaryşlarynyň 51-sinden
21 -sinde garşydaşyny ilkinji sekuntda
nokaut bilen ýatyrdy.
Bir milliard sekunt — ol.takmynan,37 ýyla barabardyr.
Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adada 24 ýyl ýaşapdyr.
Bary-ýogy 1 gram altyndan uzynlygy 3,5 kilometr bolan sim almak
mümkin.
Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara «Telepoçta», «Gwardiýaçylar», «Bank», «Kitaphana», «Muzeýler ýygyndysy» ýaly komandalar gatnaşýarlar.
Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.
Leonardo da Winçi «Mona Lizanyň» dodagyny çekmek üçin 12 ýyllap iş edinipdir.

internet mağazaları esasynda toplandy🪐
30
208
zumer_chas
8 Sentýabr 2024
@bilimlije, sentilionda 600 sany nol bar diyip dura
bilimlije
7 Sentýabr 2024
Ýalnys in uly san Gugol ýüz nolly san
sazsoft
6 Sentýabr 2024
@milanaaa, Hažžyk
sazsoft
6 Sentýabr 2024
@myrataly_, Ruçka elime düşse ýöne gol çekip oýnap oturmam bar. Bu tas hemmede diýen ýaly şeýle bolmaly. :)
zumerret_
5 Sentýabr 2024
@myrataly_, hic yazyp gormedinmi . Gol cekip gorensin in bolmanna
myrataly_
5 Sentýabr 2024
Su gun iki rucka aldym galamdan. Mena yazmadym oz adymy
zumer_chas
5 Sentýabr 2024
@enes_∞, iki setir goşgy okanyñdan şular ýaly gyzykly zad okanyñ müñ esse gowy
zumer_chas
5 Sentýabr 2024
Täsin maglumatlar üçin sag boluñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.