baby_lady
05.09.2024 17:44
Ýürekden sygynyp Perwerdigäre
Geliñ musulmanlar dileg edeliñ
Ol kalba şypadyr, dertlere cäre
Allaha sygynyp dileg edeliñ

Ýurdumyz hemişe bolsun parahat
Halkym gezsin iki dünýe rahat
Bagytly ýaşasyn her bir raýat
Elmydama ýagşy dileg edeliñ

Kylsañ dileg köpdür ýagşydan ýagşy
Bolsun kalbymyz hem gabrymyz ýagty
Alla dileglerimiz bitirýän wagty
Bir-birege ýagşy dileg edeliñ

Öñem diýenmiş bir goja dana
Mal diýip azap berme amanat jana
Jadygöýlik gerekmika ynsana
Oña derek ýagşy dileg edeliñ

awtory: Gerceknazar Amannazarow
11
18
Karaleva_
5 Sentýabr 2024
🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.