enes_∞
05.09.2024 12:32

Çalt ösýän agaçlary ösdüreliň!
Ewkalipt

Ýer planetasynda iň çalt ösýän agaç Awstraliýa we Tasmaniýa adasynda dörän Ewkaliptdir. Ömrüniň ilkinji 10 ýylynda bu agaç örän çalt ösýär. Her ýylda onuň beýikligi 4-5 metre çenli ösüp bilýär. 100 ýaşyna ýetende Ewkaliptiň beýikligi 100 metr beýiklige çenli hem ýetip bilýändir. Bu agajyň ösüş depgini dub agajyndan 4 esse ýokarydyr. Eýýäm bäş ýaşyndaky Ewkalipt plantasiýalaryny, hakyky tokaý hasaplasa bolýandyr. Bu agajy Demirgazyk ýarym şar sebitleri bezeg bagçylygynda Limon we Gunni Ewkalipti ýaly görnüşlerini ösdürýärler. Bu agaçlar diňe tropiki we subtropiki howa şertlerinde ösýärler. Ýöne häzirki wagt-da bu agajy dünýäniň dürli ýurtlary, dürli sebitde ösdürip ýetişmek ugrunda dürli tejribeliklerde synag geçirmegini dowam edip gelýärler.

Berýoza

Ösüş depgini boýunça çalt ösýän agaçlaryň görnükli wekilleriniň biri hökmünde Berýoza agajyny aýtmak bolýar. Berýoza agajy ýylda 2 metre çenli ösüp bilýär. Ösüş döwrüniň ilkinji 2-3-nji ýyllarynda bu agaç güýçli depginde ösüp bilmeýär.Ýöne oňa seretmezden bu agaç, ösüşiniň soňky ýyllarynda ösüş tizligini has-da artdyrýar. Bäş ýaşyna ýeten Berýoza agjynyň beýikligi 10 metrden hem gowrak beýiklikde bolup bilýär. Berýoza agajy ösüş döwründe aýratyn idegi talap etmeýär. Ösüşini has-da ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykan mahalynda topragy yzygiderli dökünlemek arkaly nahallary iýmitlendirip ösüşine oňaýly täsir ýetirip bolýandyr.

Ak söwüt

Çalt ösüşe eýe bolan agaçlaryň ýene biri Ak söwütdir.Bu agaç ösüp boý alandan soň merkezi sütünindäki şahalanmalarynda, gysgaldyjy kesim işlerini geçirmek maslahat berilýär. Şondan soňra bu agaç esasy telpekligine eýe bolup, güýçli depginde ösmek bilen bolýandyr. Onuň telpekligi giň ýaýraň owadan şekili emele getirýär. Bu agaç dürli sebitlerde ösmäge ukyplydyr. Tejribeli bagbanlaryň aýtmaklaryna görä, bu agaçlar örän çalt ösüşe eýe bolanlygy üçin tizden-tiz, bagy-bossanlyk sebitini döredip bilýärler.

Piramida görnüşli derek

Piramida görnüşli derek, çalt ösýän agaçlaryň sanawyna degişli agaçdyr. Bu agaç dürli toprak-howa şertlerinde çalt mesgen tutunýar. Adatça, bu agaç çygly ýerlerde has-da çalt ösüp boý alýar. Bu agajyň beýikligi 40-45 metre çenli bolup bilýär.Bu agaç 10-12 ýaşyna ýetende tohumlary ýetişýär we kök ulgamy güýçli depginde ösýär. Wolgograddaky meşhur gahrymanlar seýilgähiniň hemme taraplary şu agaç bilen örtülendir.

Çalt ösüşe eýe bolan agaçlaryň birnäçe görnüşleri mälimdir. Olara ýokarda agzalan görnüşlerden başga-da Adaty ýasen, Ajaýyp Katalpa, Ýewropa bereskledi, Çeremuha, Adaty Kalina, gyzyl hem-de gara Buzina ýaly agaçlarynyda degişli etse bolýandyr. Biziň ýurdumyzda-da çalt ösüşe eýe bolan agaçlaryň birnäçe görnüşleri bezeg bagçylygynda, şeýle-de oba hojalyk ekin meýdanlarynda, dürli binalardyr, ýaşaýyş jaýlarynyň töwreklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Olardan biziň ýurdumyzda has giň ýaýran görnüş hasaplanýan Katalpa, Ak söwüt, Adaty ýasen ýalylary aýtmak bolýar.

TÜRKMENGAZET🌴
12
41
sazsoft
6 Sentýabr 2024
Ewkalipt bilen berýoza nahaly satylýan ýer barmyka Türkmenistanda? Derek ýaly dik ösýän agaçlar gerekdi. Adaty derekler haýal ösýär. Piramida görnüşli derek hem bolsa bolýar...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.