enes_∞
05.09.2024 00:08

✨söýgi dürdäneleri✨>
– Gözleriňi ýum!

– Ýumdum.

– Näme görýärsiň?!

– Garaňkylyk.

– Gözleriňi aç! Indi näme görýärsiň?

– Seni.

– Sen meni şol garaňkylykdan halas edermiň?!

(⁠๑⁠˙⁠❥⁠˙⁠๑⁠)

Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!

(⁠๑⁠˙⁠❥⁠˙⁠๑⁠)

Sensiz bir gün ömre ýeterlik. Ömrüm sensiz ölme ýeterlik. Maňa diňe sen ýeterlik.

(⁠๑⁠˙⁠❥⁠˙⁠๑⁠)

– Meniň saňa bir sözüm bar.

– Aýt!

– Ýok, iki söz aýtjak.

– Aýdyber.

– Üçüsini aýtsamam bolarmy?!

– Hawa.

– Men seni söýýärin.

(⁠๑⁠˙⁠❥⁠˙⁠๑⁠)

Söýginiň girelgesi müňlerçe, çykalgasy bolsa ýok…

(⁠๑⁠˙⁠❥⁠˙⁠๑⁠)

Gülleriň Güne garap açylýandygy barada eşitdiňmi?! Ýüregimiň hem her gezek seni görende gül-gül açylýandygyna näme diýersiň?!

(⁠๑⁠˙⁠❥⁠˙⁠๑⁠)

Bir guşjagaz Gökdäki Güne aşyk bolupdyr. Ol Güne ýetjek bolup, elinden gelenini etse-de, barybir, oňa ýetmek başartmandyr. Bir günem ol ýüregine bire baglap, göterilipdir asmana. Tä ýelekleri ýanyp gutarýança uçupdyr. Ahyry ganatlary ýanyp gutaryp, aşak gaçypdyr. Ýöne ol guşjagaz henizlerem dirimiş, şol Güne ýetmegiň arzuwynda ýaşaýarmyş. Göwnüm hem şol guş mysaly, saňa ýetmegiň yşgynda, söýgim! Ony mundan artyk örtem

💞Söýgi dürdäneleri💞
20
136
durmuss
14 Sentýabr 2024
SÖÝGI BU DURMUSDAKY ULY SOWGAT,SÖÝGI HEMME YERDE BAR ONY NAHILI GÖZ BILEN GORÜSINE BAGLY
zumerret_
5 Sentýabr 2024
ugryňda jan serek bolup yöreni görip "Name kynmyka goy diylende goymak" diyaymek ansat , yone çyn aşyk sabyr etmane gaty ukyply bolyan eken . Sen söýeniňi dälde , seni söyeni soymeli eken )
flowers_
5 Sentýabr 2024
Hiññeldik uçasym gelip gitdi)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.