Örän täsin we uniwersal ideýa. Bu idaýany men öz gowy görýän kitaplarymyň birinde eşitdim. Adamzat öz içinde hiç bir zady gizläp saklap bilenok. Daşky dünýä bilen seň içki dünýäň üznüksiz bagly. Eger seň içiňde ahy-tupan gopýan bolsa, diýmek seň daşyňda hem ahy tupan gopýar. Geçen tomus biz Garagumyň jümmüşinde bir hepde bolup gaýtdyk we men ömrümde birinji gezek çöl halky bilen tanyşdym. Aman aga atly bir ýaşuly agzyny ýumman:
– Bu ýerde hiç zat ýok, bizde hiç zat ýok – diýip, gygyrýardy.
Gumda düýe-çaly ýok, agaran süzmesi ýok, keçeler ýok, gurt ýok... garaz çölde hiç zat ýok. Aman agadan näme sorasaň, şol zat hem ýok. A men bolsa pikirlenýärdim, adamzadyň gazanan ähli bähbitlerinden alysda bolup, şeýle çölde ýaşamak üçin adam näme günä etmeli? Hiç hili günä etmek zerur däl, bar zat zemin ýaly köne kanuna görä ýöreýär, eger seň içiňde çöl bolsa, daşyňda hem çöl. Içleri çöl adamlar, mundan 100 ýyl öň, sowetlaryň döwründe öz emlägini hiç kime dözmän öz kalplaryny çöle öwürdiler, inede netijesi, içiňdäki çöl daşyňa çykdy.
Seň içki pikiriňde näme bolsa, seň çagalaryň daşky pikirinde hem şol. Islendik adamyň içki pikirini biljek bolsaň, oň çagalarynyň özüni alyp barşyna seredäýiň. Çagaň daşky pikiri, oň kakasynyň içki pikiri. Senden dünýä inýän çagalar seň içki dünýäňi daşyna çöwürýärler, seň içiňdäki bar syry aýan edýärler. Men özüm çaga wagtym erbetdim, belki hem gedemdim, men hiç kimden hakymy gidirmeli däldim, sähel giden hak meni diýseň köseýärdi. Men real durmuşda gaýtawul berip bilmesem, hyýalymda elmydama urşýardym, dawwalaşýardym. Bilemok näme üçin ýadymda galdy, ýöne näme üçindir döwlet dükanlarynda meň hakymy iýseler maňa agyr degýärdi. Ol döwürler bolsa hak iýmek däp-dessur ýalydy. Öz hakymy sorap bilmän, men öz-özümi ejizlikde aýyplap, öz-özümi köseýärdim.
Ruslaryň diýşi ýaly "Gordost“ diýen zat maňa gün bermeýän bolmagy mümkindi? Nädip meň hakymy iýmegi milt etdiler? Dogrysy Gordost diýen zat hiç haçan gowluga eltenok. Bolýan zatlar üçin men hiç bir satyjy bilen hiç haçan dawalaşmadym, dawalaryň barsy meň kellämiň içinde bolup geçýärdi. Indem 25 ýyldan soň meň içki dünýäm daşyna hökman çöwrülmelidi. Her bir adam öz pikirlerini fiziki dünýäde göräýmeli. Eger ýalňyşmasam DOWZAH şol prinsip boýunça gurulan. Içinde dowzah ýok adamyň, hiç haçan daşynda dowzah gurup bolmaýar. Içki dünýä bilen daşky dünýä hökman gabat geläýmeli. Kyýamatdan soň, her bir dowzaha girýän adam, ol ýerik meýletin, aýdym sazly girmeli. Men temadan daşlaşdym, ýeri bolýar.
25 ýyldan soň meň öz gyzym, meň içimdäki ähli pikirleri daşyma alyp çykdy. Entek 9 ýaşynda, men ony dükana göýbermäge gorkýan. Sebäbi oňa bar 1 kile pamidor alyp gel diýseň, gyzym saýlap alýan pamidorlarynyň ýekeme-ýeke göbeklerini we baldaklaryny goparyp soň terezä goýýar. Näme üçin beýle edýän diýip sorasaň welin, iýmeýän zadymyz üçin näme üçin pul töläli diýýär. Meň ençeme ýyllap içimde gizlän pikirlerim ahyrsoňy daşyma çykdy we meň hyýalymdaky hiç wagt hiç kimden hakyny gidermeýän adam indi real dünýäde, ol meň gyzym. Men hemişe kiçi wagtym şeýle adam bolmagy höwes edýärdim, indem welin Beýik Ýaradyjynyň Beýik oýny. Öz özüň bilen ýakyndan tanyş, ýa-da içiňde näme bolsada, daşyňda hem şol.
Çeşmesini ýa-da awtoryny bilemok. Zametkamda öňümden çykdy. Özüm halamsoň siz bilenem paýlaşaýyn diýdim:)