enes_∞
04.09.2024 20:23

Ganaly uzak wagtlap bag gujaklamakda rekord goýdy
Iň uzak wagtlap bag bilen gujaklaşmakda dünýä rekordyny Gananyň ýaşaýjysy Abdul Hakim Awala goýdy, ol bagy 24 sagat 21 minutlap bagryna basyp durdy. Awala Ginnesiň kitabynyň düzgünine görä, arakesme etmäge rugsat berilmedi.

Täze ýeňiji öz ýeňşi bilen Watanynda tebigaty goramaga adamlaryň ünsüni çekmek isländigini gürrüň berdi. Awala indi bag oturtmak barada umumymilli başlangyjy guramak isleýär. Ol öz rekordynyň dowam eden minutlarynyň sanyna laýyklykda, 1461 sany bag oturtmakçy.

Baglary gujaklamak boýunça mundan öňki dünýä rekordy Ugandadan bolan ekolog Feýt Patrisiýa Ariokoda degişlidir. Ol 16 sagatlap bag gujaklady diýip, Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
11
87
gulshatayewa97
4 Sentýabr 2024
@garlawac, olar ýaly gereksiz rekordlar kän bolaýmasa
ylham_gurbanaly
4 Sentýabr 2024
Ine hakyky aşyk))
garajaoglan
4 Sentýabr 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.