enes_∞
04.09.2024 20:19

Dünýäniň Merkezi banklary iýulda 37 tonna altyn satyn aldylar
«World Gold Council (WGC)» maliýe edarasynyň deslapky bahalandyrmalaryna laýyklykda, dünýäniň Merkezi banklary geçen iýulda öz altyn pul gorlarynyň möçberlerini 37,1 tonna artdyrdylar. Bu barada «Interfax.ru» habar berdi.

Altyny iň köp satyn alanlar Polşa (14,3 tonna), Özbegistan (9,6 t) we Hindistan (5,4 t) boldy. Iordaniýa (4,3 t), Türkiýe (3,8 t), Katar (2,3 t), Çehiýa (1,6 t), Müsür we Malta (her biri 0,1 t) hem altyn pul gorlaryny köpeltdiler. Gazagystan 3,9 we Mongoliýa 0,7 tonna altyn satdylar.

Turkmenportal
10
52
bilimlije
7 Sentýabr 2024
Bulaň Içinde Hytaýam bolmaly ABŞ BLN
ideallider
4 Sentýabr 2024
@agzamen2, tmcarsda plança milion geleşik baglaşdylara diýip ýazýarlar. Hakyna seretseň bizdede milýoner köp eken.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.