enes_∞
04.09.2024 12:54

Agronom garynjalar kömelek ösdürýär🍄🐜
Diňe bir adamlarmy ekin ekip, hasyl aljak? Elbetde ýok, Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir janly-jandar öz ýaşaýyşyny dowam etmek, özünden soň nesil galdyrmak isleýär, ýaşaýyş ugrunda göreşýär.

Ýer ýüzünde garynjalaryň millionlarça görnüşleri duş gelýär. Her bir garynjanyň özüne mahsus häsiýeti bar. Ýagny Günorta Amerikanyň garynjalarynyň köpçüligi dinozawrlaryň ölüminden soňky döwürlerden bäri iýmit hökmünde kömelekleriň köp görnüşlerini ösdürip gelýärler. Oňa mysal edip, Attini garynjalaryny alsak bolýar.

Attini garynjalary – Myrmicinae urugynyň Myrmicinae aşaky klasyna degişli obligat kömelek ösdüriji garynjalardyr. Olar Günorta we Merkezi Amerikada köpçülikleýin duş gelýärler. Bu garynjalaryň 20 urugy we 200-den gowrak görnüşleri belli edildi. Olar kömelekler bilen simbioz baglanyşygyny saklaýar, ýagny garynjalar olary idedýärler, zyýanly mör- möjeklerden goraýarlar, kömelekler bolsa garynjalary iýmit bilen üpjün edýär. Attini garynjalary özüniň zähmet söýerlegi bilen tapawutlanýar. Hinlerinde ýörite ýyladyşhanalary bolup, olar 100-den gowrak Şampinion, Agariсaсeae görnüşe degişli bolan kömelek görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Attini garynjalary öz arasynda iki, ýagny ýokarky we aşaky kömelek ýetişdiriji klaslara bölünýärler. Aşaky klas ýaprak kesiji, kömelekleri goraýjy, ýokarky klasy bolsa kömelekleri iýmitlendiriji wezipesini ýerine ýetirýär. Käbir ýagdaýlarda ýokarky klasa degişli görnüşleriň hem kömelek ösdürýän görnüşlerine duş gelmek bolýar. Iki topar biri-birinden düýpli tapawutlanýar. Ýagny aşaky klasyň garynjalary Leuсoсoprineae urugyna degişli, tagamy we boýy pes bolan kömelekleri ösdürýärler we onuň substraty üçiň ölen we guran otlary daşaýarlar, ýokary klasa degişli garynjalar tagamy boýunça süýji we belent boýly kömelekleri ösdürip ýetişdirmek üçin substrat hökmünde täze gögeren otlary ýapaklary ýygnaýarlar. Bu görnüşler kömelekleri ýörite hinlerinde , käbir ýagdaýlarda bolsa meýdan şertlerinde ösdürýärler. Iň uly kömeleginiň boýy 1-2 sm-e ýetýär. Kömelekler bilen ýörite olaryň liçinkalary we ýaş osoblary iýmitlenýär.

Attini garynjalarynyň kömelek ösdürýän agromeýdançasy 4 bölege bölünýär. Merjen-kömelekli, droz, generalizirlenen we ýöriteleşdirlen meýdanlar. Merjen-kömelekli meýdanda garynjalaryň 80-den gowrak görnüşi Apterostigma urugyna degişli kömelekleri ösdürýärler we olara gözegçilik edýärler. Garynjalaryñ bu ýagdaýy nesilden-nesle geçýän hadysadyr.

Aňy we düşünjesi bolmadyk garynjalaryň gujur–gaýraty köpçüligi gyzyklandyrýar. Geliň, garynjalar ýaly başarjañ bolalyñ!

Adam we tebigat 🍄🐜
10
33
zumerret_
4 Sentýabr 2024
Oz iyjek zadyny oz elleri bilen ekip alyarlar 😋👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.