freaky
04.09.2024 07:08
Ýykylan wagtyñ däl, ýykylan ýeriñden galmadyk wagtyñ ýeñilersiñ.
Kä kişilere ýagşylyk edenimizde, bizdenem gaýdar diýenleriniñ ýamanlyk boljagy hiç kellämize gelmezdi.
Her kimden öwreniñ ýöne
Hiç kime öýkünmäñ.
Ruhuñ gözelligini görmek, bedeniñ gözelligini görmekden has kyndyr.
Saña kelläñ erk edýän bolsa sen hökmürowansyñ,
Saña bedeniñ erk edýän bolsa sen gulsuñ.
Üns berilmeýän hemme zat öler, duýgular, söýgüler hat-da güllerem🌹🌹🌹
Biz Allah bizi ýokardan synlaýar diýip pikir edýäris, emma ol bizi içimizden synlaýar.
Ýykylan wagtyñ däl, ýykylan ýeriñden galmadyk wagtyñ ýeñilersiñ.
Bir adamyñ durmuşy sözlerinden has köp ynandyryjydyr.
Añsat zady däl-de, kyn bolsada gerekli zady ediñ.
Binanyñ köp aýnalary döwük bolsa, adamlar beýleki bitin aýnalaryny döwmäne çekinmezler. Durmuş hem muña meñzeş, adamlara öz gowşak tarapymyzy döwüklerimizi görkezdikçe döwmekden, ýüregimizi agyrtmakdan çekinmezler.
Gynanmak meseläniñ 0%-ni çözýär.
Internet sahypasyndan.
6
32
flowers_
4 Sentýabr 2024
"Üns berilmeýan hemme zat ölýär"😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.