enes_∞
03.09.2024 17:39

Söweşijilerimiz sözler bolsa-da, diňlemek galamyzdyr
«Men ýene biraz pikirlenip göreýin soňra size jaň ederin» diýip, telefony goýupdy. Ýogsa, bu eýýäm 3-nji gezek gürleşişimizdi. Ýaltanman şol bir soraglara täzeden jogap hem beripdim. Jogaplarym onuň pikirindäkiler bilen gabat gelmändirmi ýa-da gürleşen wagtymyz kellesinde başga-da soraglar ýüze çykypdymy nämemi, bu mesele ýene-de çözülmän galypdy. Aslynda bu mesele ýönekeýjedi. Gürleýärkäm meni diňlemändi.

«Diňle» – özi şübhesiz ählimiziň kiçiligimizden bäri iň köp eşidýän sözlerimizden biri bolsa gerek. Käwagt oturyp «Biri-birimizi hakykatdanam hakyny berip diňleýärismi?» diýip pikirlenip görmegimiz gerek. Häzirki wagtda düşünişmezligimiziň arkasynda birek-biregi diňläp başarmaýanlygymyz ýatyr.

Doktor Lyman K.Steile-niň pikirine görä, diňlemek – bu informasiýany eşitmek, soňra kellede teswirlemek we jogap bermek ýaly ädimlerden ybaratdyr. Biz bolsa soňky ädimi birinji ýerine ýetirip, doly diňlemän derrew jogap bermek isleýäris. Netijede bolsa düýbi ýalňyş tutulan binanyň ilkinji howp-hatarda ýykylyşy ýaly, gepleşigimiz hem düşünişmezlik bilen tamamlanýar.

Öz pikirimizi beýan edýärkäk näçe köp söz sözlesek garşymyzdaka şonça-da täsir ederis öýdüp pikir edýäris. Emma diňleýji özümiz bolanymyzda uzyn sözlemlerden çalt ýadap, sözüni bölüp gürlemekçi bolýarys.

Diňlemek prossesinde ýadymyzdan çykarýan bir zadymyz bar: söweşijilerimiz sözler bolsa-da, diňlemek galamyzdyr. Şonuň üçin akylly serkerde mysaly galamyzy güýçlendirmek esasy maksadymyz bolmalydyr.

✍️Söweşijilerimiz sözler bolsa-da, diňlemek galamyzdyr📝....
18
137
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@smiling_, hm . Yigrenji goriner yaly zat diyjekdalsina . Adalat diyenson soradym yogsam manada gyzykly dal ) Arz şikayatyn bolsa arkayn aydyp bilersiň )
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@smiling_, aýdasyň gelýan zadyň nameligina bilemok welin adalatsyzlyk bar yerinde dymmagam gowy dal !
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@smiling_, Adalatsyzlyk diyyanmi ? Editor bolsan post paylasmak erkinligi bar . A To manysyz ya biderek post paylasyp yoren bolsa hä diyjek . Naman narazycylygy bu !?
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@smiling_, Düşinmedim , kim 10 minut içinde näçe post goyyar ? Post goýmak aýypmy ?
zumerret_
4 Sentýabr 2024
@smiling_, name zat o ullakan adalatsyzlyk🤔 . Yaman syrly gurlapsinle )
1089
3 Sentýabr 2024
👍👍👍
flowers_
3 Sentýabr 2024
Eger garşyñdaky gereginden artyk gürleýän bolsa diñlemek hökman däl, meñ üçin diñe maña gyzykly ýerini diñlemek.
ideallider
3 Sentýabr 2024
@zumerret_, ýazanlaryň.
zumerret_
3 Sentýabr 2024
@ideallider, naman tersine has gowysy 🙃
ideallider
3 Sentýabr 2024
@zumerret_, has gowysy reverse 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.