Fatima
10.05.2020 22:39
3-nji bolum.

Onsonam ol " Joraña ayt, aramyza düşmesin diÿdi" diyip ,maña gürrüñ berdi. Üstümden gaÿnag suw guÿulan ÿaly boldum. "Kemal mugallyma näme gerek diÿsene, haçan görseñ Suraÿ bn ÿolda durlar" diÿdi. Menem : " Sen Kemala hiç zat diÿmanem, hatyny maña getirip berÿäñmi?" diÿdim. "Seniñem jora bolaÿsyñy diyip , ondan öÿkeli garaÿysda igendim. Meniñ keÿpim gaçdy. Men turmak ün özüm bn getiren saÿawanymy gözläp daş töwerege göz aÿladym-da, elime saÿawany alyp, Jahan bn bile howludan cykdyk. Güÿz paslynyñ ÿakymsyz bulutly howasy damjasynyny şypyrdadyp başlady. Men howlukmaç joram bn hoşlaşyp, öÿe tarap gaytdym. Gidip barşyma-da, ÿolda entek ÿagyş damjasy barmadyk goÿy tut agajynyñ dübünde bir gyz bilen tigirine (welosipede) yaplanyp gürleşip duran juwanlary gördum.
Içimden "men bulara päsgel bolmaÿyn"diÿdim-de, ÿolumy kesmek ün kelte ÿoldan ÿöremeli bolup, sowulanymam şoldy welin, tötänlikden gözüm ÿigide düşdi. Ol ellerini hallaÿladyp nämedir bir zat düşündirÿäne meñzeÿärdi. Hatda gaharlanÿanam ÿalydy. Şunça üns bermaÿin diÿsem-de gañrylyp, ÿene olara tarap seretdim. Ynha, gõrsem Kemal bn Suraÿ... Men saÿawanymy olar tarapa gyşardyp, ädimimi çaltlandyryp barşyma ÿüregimiñ gürsüldisine bir ÿerde ÿykylyp galaryn õÿtdim. Gözÿaslarymy süpürmek mana geregem bolmady. Güÿz ÿagyşy sol gün meni nämäniñ üstünden getirendigine utanÿan ÿaly göz ÿaşlarymy özi süpürip berÿädi. Olar meni gören bolara çemeli, õÿe ÿetiip gelÿäkam : - Dursana, Güljan-diyip , Kemal yzymdan ÿetdi. Ÿene-de : - Dursana, birsalym aÿak çeksene, seniñ pikir edişin ÿaly däl, ÿalñyş pikirde bolmasana, Gülüm-diÿdi-de, tää öz öÿmüze girÿänçäme çenli yzymdan galman ÿalbaryp geldi. Men " maña diÿÿämişiñem " diÿmedim. Sebäbi, öñem çişip duran ÿürek ÿetjek derejesine ÿetipdi. Üssesine-de joramyn aÿdan zadyna öz ÿanymdan şübhelenipdim. Bu ÿöne ÿerden däldigine düşünüp, sol aÿdylan zatlaryñ hakykata öwrülmeginin sebabidi..Gaharym gaty gelendenmi nämemi, niredendir bir ÿerden kelle agyry peÿda boldy. Öÿe gelenimdensoñam, albom suratlary.. , Suraÿyñ tabşyrygy, gözüm bn gören sÿuźetlarym kinoñ lentasy ÿaly gözümiñ öñünden gitmedi. Aslynda sol gün, gijesi bn gysga metraźly sol bir "kinony" gaÿta-gaÿta görũp, ÿatybam bilmedim. Ertesi özümi dürsäp, bu bulagaÿlykdan baş alyp çykaÿyn diÿdim-de, kakam-ejemden "galan etmeli işlerimi añyrda ÿazjak" bahanasy bilen rusgat alyp, Aşgabada şaÿlandym. Aşgabada men sagat 12-50-de gelen bolsam, šol kelle agyry näçe derman berseler-de gijäñ bir wagtyna çenli-de aÿrylmady. Men çyrany öçürip, ÿatmak ün ÿerime geçenimem soldy welin, gapy adatdakylardan gaty kakylÿan ÿalydy. Umumy ÿaşaÿyş jaÿynyñ sakçysy : - Nuryÿewaaaa, tur, yzyñdan geldiler-diÿdi. Bu gijäniñ içinde, özümem öÿden ÿañy gelemsoñ, yzymdan geleniñ kimdigine düşünmedim. Turup, gapyny gorkuly ÿagdaÿda ÿuwaşlyk bn açdym.
Görsem, Kemalyñ dosty Hally. Men geñ galmak bn, Kemal onuñ yzynda gizlenip durandyr öÿdüp, Hallynyn daş-töweregine göz aÿladym. Özem Hallynyñ ÿüzi salyk göründi. Görsem ol ÿeke gelipdir. Hally mana : " Güljan,ÿör, gideli" -diÿdi. Menem añka-tañka boldum-da: " Nirä? " - diyip soradym. Ol :" Kemal senin bn düşünişmek isleÿä " - diÿdi. Menem: " Aytsana name bolanyny, men häzir hiç ÿerã-de gidip biljek dal, saglygymyñam ugry ÿok " - diydim. Ol meniñ kejirräkdigimi añdy öÿdÿän : " Biz seniñ yzyñdan gelÿäkäk, Kemalyñ maşyny dagdan gaytdy, häzir ol keselhanada " - diÿdi. Ynha, boldy bir harasat hem kellam beterlap baslady, üstesine-de çep tarapymdan bir zat gysyp aldy-da soñundanam ÿuwaşlyk bn goÿberdi. Men özümi dürseÿänçäm Hally daşarda garaşdy. Ozüme gerek bolaÿjak zatlarymy ÿan torbama atyşdyryp daşary çykanymda Hally öz maşynynda garaşyp durdy. Biz keselhana geldik.Lukman bize garasmaly boljagyny aytdy. Sonundanam:" Õzüm çagyrÿançam bimaza etmäñ" diÿdi. Biz daşary çykdykda, daşardaky uzyn oturgyçda oturdyk. Hally Kemal bn Suraÿ hakynda aÿdyp başlady.

dowamy bar...
6
108
Fatima
11 May 2020
Goýdum?
Myhman Myhman
11 May 2020
Garasyann goyay yzynyyyy
Myhman Myhman
10 May 2020
Goyayda yzyny gaty gyzyklanyan
Suraý
10 May 2020
❤️?. Sony gowlyk bn gutarýamyka??
Senem
10 May 2020
Da garasyan dovamyna sabyrsyzlk bn
Myhman Maya
10 May 2020
Fatima 12den son goyayda yzyny bilesim gelyar haysss
Bitter?
10 May 2020
Gaty gyzykly fatima garasyann
Senem
10 May 2020
???

❤️❤️❤️❤️❤️
Fatima
10 May 2020
Oýlasymyzça däl eken...
BaHaRjYk.
10 May 2020
Da yaman gyzykly sonuna dusunusseler bolya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.