PILOT👮‍♂️✈🛩
02.09.2024 17:41
Gum guklyk bar başga zat ýok.
Ak derekleñ arasynda.
Janly zatdan men yeke tâk.
Ak derekleñ arasynda.

Synlap durup asman gögi.
Yaprak basan ince ýoly
Gezmeleýâr güýz şemaly.
Ak derekleñ arasynda

Dymýar ýoda dymýar howa.
ne guşlar bar ne de owaz
Humar göwnüm urýar perwaz
Ak derekleñ arasynda.

Bakýan köne ýola bakýan.
Biri geljek ýaly hökman.
Yz yzyna çilim çekýân
Ak derekleñ arasynda.

Ýatlamalar kalby gyýýar.
Ýürek aglamaga taýýar.
Agyr çeken ýaşlygym bar...
Ak derekleñ arasynda.

Awtor: B. Hudaýnazarov
12
38
smart_gr
3 Sentýabr 2024
👍
manolya
2 Sentýabr 2024
👍 ))
Karaleva_
2 Sentýabr 2024
🤍👌🏻
PILOT👮‍♂️✈🛩
2 Sentýabr 2024
💗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.