Bäş ýaşly çaga Ysraýylyň muzeýinde ýaşy 3,5 müň ýyl bolan küýzäni döwdi
Bäş ýaşly çaga seresapsyzlyk bilen Ysraýylyň Hehta muzeýinde sergilenýän 3,5 müň ýyllyk amforany ( antik dünýäsinde we X-XII asyr Kiýew Rusunda giňden ýaýran küýze görnüşli gap) döwdi. Bu barada «Ynetnews» portalyna salgylanýan «Regnum.ru» habar berýär.
Habarda çaganyň ene-atasy bilen Haýf uniwersitetiniň Hehta muzeýine gelendigi gürrüň berilýär. Oglanjyk bilesigelijilik bilen küýzäni elledi. Gap ýörte goragyň içinde saklanmansoň, ýere gaçyp döwüldi. Muzeýiň işgärleriniň aýtmagyna görä, ady tutulan tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki 2200-1500-nji ýyllar bilen senelenýär. Ol soňky 35 ýyl muzeýiň hemişelik sergisinde bolupdyr.
Muzeýiň direktory Inbal Riwlin çagany ene-atasy bilen ýene muzeýe gelip görmäge çagyrdy. Ol döwlen tapyndynyň abatlaýjylar tarapyndan dikeldilip, öňki ornunda goýuljakdygyny habar berdi.
Riwlin wakadan soňra muzeýde çagalaryň elläp görmegi üçin ýörite gymmatlyklary ýerleşdirmek kararyna gelendiklerini hem aýtdy.