gunesh_
01.09.2024 15:10
Aman Kekilowyň "Söýgi" romanyndan bölek. WUZ barada.

Barha selçeňleşer sany leksiýanyň,
Artar aladasy indi dekanyň.
Tagtanyň ýüzünde täze mazmunda
Dürli bildirişler görüner munda.
Gaý öňünde bolýan ümsümlik ýaly
Şowhun ýaňlandyrmaz leksion zaly.

Galdawly hereket studentlerde,
Kärine degişli kabinetlerde
Ýylyň dowamynda geçilen dersi
Gaýtalap tejribe geçirýär hersi.
Dolar okalgalar, bolmaz boş ýeri,
Her kim talap eder dürli eseri.
Ertirden agşama kitaphanasy
Işlär, adamlydyr mydam gapysy,
Depderi, kitaby - ýakyn ýoldaşy,
Ýetikdir her kimiň özüne işi.

Ynha, bir kabinet, gireňde oňa
Haýwanat dünýäsi görünýär saňa.
Egninde halady, ak gar dek başy,
Garry professor alyp bir guşy,
Ýatladýar täzeden geçen kursuny,
Sorag berenleriň çekip ünsüni.
Dürli ösümlikler başga birinde
Edil görnüşi dek biten ýerinde,
Yssy Gündogarmy, sowuk Günbatar
Goýulan bu ýerde hatarma-hatar.

Täze bir kabinet ol örän uly,
Içersi stoldan, şakfdan doly.
Saklanýar olarda hlor-u-metan,
Gazlar hem maddalar seretseň her ýan.
Adamzat ylym üçin goýupdyr güýçler,
Örän çylşyrymly ondaky işler.
Sintez-analizniň tapyp ugruny,
Açýarlar tebigat gizlin syryny.
Şeýle kabinetler durmuşy bilen,
Her kim meşgul munda öz işi bilen.

Ynha, boş korpusyň ýagty bir jaýy
Örän gyzgalaňly bu gün bu taýy.
Dil, edebiýat bilen meşgul bolanlar
Gollary kitaply gyzlar, oglanlar
Üýşüp alypdyrlar jaýyň öňüni,
Bu gün bu bölümde hasabat güni.
Wagt ýüz urupdy tomusa sary,
Ýaşlar arasynda köp günden bäri
Dilden düşmeýärdi "ekzamen" sözi,
Käte ýada salsa üýtgärdi ýüzi.

Bilmeýän, okyjym, näçe ýaşyňda,
Belki, gyraw bardyr eýýäm başyňda,
Ýa-da sen ýaňyja dolduryp onuň
Gezýänsiň yşkynda her dürli oýnuň.
Ulumy-kiçimi - parhy ýok ýaşyň,
Sorasaň göz aýlap töwerek-daşyň,
Habar bir säginmän beletdir özi,
Tanyşdyr her kime "ekzamen" sözi.
Her kim onuň bilen iş salyşandyr,
Wagtynda erjelli köp çalyşandyr.

Her haýsy ünsüňi çekip özüňe,
Geler hatarlanyp yzly-yzyna.
Taýýarlyk görersiň gijeler ýatman,
Baga, kino, tansa - hiç ýaňa gitmän,
Bir ýanyň ýazgylaň, bir ýanyň kitap,
Möhüm soraglara gözlärsiň jogap.
Käte arkaýynsyň, bilýän dek baryn,
Käte unudan dek okanyň ýaryn,
Howsala düşersiň birden öz-özüň,
Ýene kitabyňdan aýyrman gözüň.

Her hili zatlary göwne getirip,
Ynjalyk tapmarsyň, oturup, turup,
Gündizi bar ünsüň berseň işiňe,
Ýatyrmaz gijesi, girer düýşüňe:
Başyňy çişirmän uzak oýlanyp,
Durman nobatyňda ilden saýlanyp,
Batyrgaý girersiň, çekersiň bildiň.
Aňsady düşendir, eden umydyň
Çykar, bökjeklärsiň, misli bir çaga,
Bezenip, beslenip gidersiň baga.


Täze okuw möwsümiňiz gutly bolsun we şowly geçsin:)
21
120
gunesh_
2 Sentýabr 2024
Merjen gelnejem jogap ýazypdy öýdýän diňe
gunesh_
2 Sentýabr 2024
@flowers_, men ikiňizede ýazdym görmediňiz öýdýän diýip goýdum. Siziň postuňyzda ýazypdym.
flowers_
2 Sentýabr 2024
@gunesh_, bolýala, Merjenem gelipdir:)
gunesh_
2 Sentýabr 2024
@milanaaa, gowmy ýagdaýyň? Täze düzgünlere öwrenişip bilýäňmi?:)
gunesh_
2 Sentýabr 2024
@flowers_, wi-fi bilen girdim welin açyldy şu wagt
flowers_
2 Sentýabr 2024
Posta goýupsyň, haýalrak açanokmy🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.