Hakyky gulluk
Aýtmaklaryna görä, Togrul soltanyň weziri Ebu Mansur akyldar we işine jür adam bolupdyr. Ol ertir namazyny okandan soňra tä gün dogýança, doga-dileg, zikir bilen meşgullanyp, soňra soltanyň hyzmatyna barar eken. Bir gün soltanyň zerur işi çykýar we derrew weziri çagyrmagy buýurýar. Çaparlar yzly-yzyna gelip, wezire patyşanyň çagyrýandygyny aýtsalar-da, ol namazlygyň üstünden turmaýar. Göripler şyltak atmaga mümkinçilik tapylansoň, tagnaly, myjabatly dilleri bilen soltanyň huzurynda: «Ol tekepbir, soltanyň buýrugyna äsgermeýär» diýip, weziri erbetlikde ýamanlaýarlar. Olaryň aýdýan sözleri öňem gyssanyp oturan patyşanyň gahar-gazabyny tutaşyberipdir. Wezir doga-dilegini gutaransoň, soltanyň huzuryna gelýär. Soltan oňa:
— Näme üçin giç geldiň? – diýip, dergazap bolup gygyrýar. Şonda wezir Ebu Mansur soltana şeýle jogap berýär:
— Eý, soltan! Men Allanyň bendesi we seniň hyzmatkäriň. Tä bendelik işimi gutarýançam, hyzmatkärlik işine girişip belmeýärin – diýýär. Bu haýbatly sözler soltana uly täsir edýär. Ol aglap, wezirine şeýle diýýär:
─ Alla bendelik etmekligi bize hyzmat etmekden ýokarda goý! Bu yhlasyňyzyň bereketi bilen biziň işlerimiz hem oňuna bolar.