sabyrly
01.09.2024 11:54
Lezzetli ukymy setire çalşyp,
Ýöredýän galamym dişimi gyjap,
Bir gözel mar bilen ýatdy çolaşyp,
Namysyn aldawa, ýalana harçlap.

Oglan iş bitirdi, yzyn ýitirdi,
Suwa gaçan duza dönäýdi birden.
Gyz özüne satyn aldy oturdy,
Ýumruk deý, ýüregne sygmajak derdin.

Döredi içinde kiçijik  ynsan,
Haçana çen saklanar ol, gizlenip.
Dünýäleri sowgat berjek mähriban,
Salgym boldy tapylmady gözlenip.

Oba gezdi gepden doly çanagy,
Hossarlary ýere girdi ölmezden.
Kim günäli, Ene-Ata çagamy?
Başy daşa urýas bilip, bilmezden.

Aýyrtmaklyk çäre boldy şo pursat
Kalbynyñ parçasyn gopardy lukman.
Eneden çagadan soralman rugsat,
Kowuldy dünýäden bir bölejik jan.

© Süleýman Teķäýew
19
84
Karaleva_
8 Sentýabr 2024
@sabyrly, 🤗
sabyrly
8 Sentýabr 2024
@Karaleva_, sagboluñ minnetdar!
sabyrly
8 Sentýabr 2024
@smiling_, Sagboluñ minnetdar gijirägem bolsa
sabyrly
8 Sentýabr 2024
@sadajaaa_, sagboluñ minnetdar özümem ýañy gördüm nesip bolsa başardygmyzdan paýlaşaryn!
sadajaaa_
5 Sentýabr 2024
Ýyldyzlyk derejäňiz bln gutlaýan ýene-de ýokarky derejelere ýetiň nesip edenden ýene şular ýaly goşguly postlara garaşýas!😊
Karaleva_
4 Sentýabr 2024
@sabyrly, Gutlayan
sabyrly
1 Sentýabr 2024
@mugallym_, @Karaleva_, Sagboluñ minnetdar
sabyrly
1 Sentýabr 2024
@flowers_, Minnetdar köplenç durmuşy temadan ýazmany gowy görýän nirä baksañ söýgi goşgulary bolupdur bolmasa
flowers_
1 Sentýabr 2024
"Kowuldy dünýeden bir bölejik jan"😐, häzirki zamanyñ ajy hakykatyny setire geçiripsiñiz👍
mugallym_
1 Sentýabr 2024
Berekella. Gynandyrdy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.