mugallym_
31.08.2024 13:44
Gözel gelin gözbaşynda çeşmäniň,
Akar suwa çümüp çykyp ýuwunýar.
Uzyn boýly, ter jygaly gamyşlar
Ak geliniň syratyna guwanýar.

Ap-ak beden kä görünýär kä çümýar,
Şildiräp saz çalýar dagyň çeşmesi.
Aşak ýandan aýdym sesi eşdilýär,
"Üstünden ýol düşse kyndyr aşmasy".

Bir ýaş ýigit ho-ol beýlede, güzerde,
Gygyrýar aýdyma çopan ýolundan.
Öz dünýäsi, goýunlary, mallary
Habary ýok sagy bilen solundan.

Bokurdagy kepäp buz ýaly suwdan,
Goşawuja alyp seretdi siňe.
Durnaň gözi ýaly dus dury çeşme,
Öňküsi däl, bulanypdyr görsene.

Gelin suwa çümüp çykyp ýuwunýar,
Bozjak bolup bedendäki el yzyn.
Çopan ýigit öýe tarap howlugýar,
Külbesinden taparmyka ezizin.

Suw bozmaýar bedendäki el yzyn,
Nämähremiň eli bolsa galtaşan.
Ömürlik epdirjek bir merdiň dyzyn,
Ynamydyr. Bijaý ýerden jat açan.


[i]
Ý.Gapurow
16
74
flowers_
6 Sentýabr 2024
😐
kalayev
1 Sentýabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
zumerret_
31 Awgust 2024
Ömürzaýany yadyma saldy 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.