yurejigim
31.08.2024 12:28
OWADAN BOLSUN!

Rysgal, abraý, bagt...bary gürelip,
Başaranlar, goý, ýaşasyn gönenip,
Goý, ýyldyzly mawy asman görünip,
Dünýäm keşbimdenem owadan bolsun!

Seýrana çykaýsak görklenip düzler,
Dahandan bal bolup aksyn, goý, sözler,
Kimde ýok, galam gaş, ataşly gözler?!.
Keşbimdenem dünýäm owadan bolsun!

Diýmesinler:"Gözel, ýöne mähri ýok!"
Wah, dünýämiň hilesi ýok, gahry ýok,
Alçak bolsun, sada bolsun, parhy ýok,
Dünýäm keşbimdenem owadan bolsun!

Çirk ýetmezden mertebäme, adyma,
Kyn günde ýetişsin dostlar dadyma,
Bäş günlük myhmandyr görk bir adama,
Keşbimdenem dünýäm owadan bolsun!

Az bolup, ykbaldan utulyp ýören,
Biz bolaly, yşkdan gutulyp ýören,
Söwer ýaryň adyn göterip ýören,
Dünýäm keşbimdenem owadan bolsun!
Keşbimdenem dünýäm owadan bolsun!

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
7
10
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.