Karaleva_
31.08.2024 12:21
2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli Hytaýda Internet ulanyjylaryň umumy sany tas 1,1 mlrd boldy, bu 2023-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende, 7,42 mln köpdür. Şeýle maglumatlary Hytaýyň tor maglumat merkezi hödürleýär diýip, TASS habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu döwürde täze Internet ulanyjylaryň esasy bölegini, has takygy, 49%-ini 10 – 19 ýaş aralygyndaky ýaşlar emele getirdi. Aýratynam, gysga wideolar segmenti okgunly depginde ösýär. Degişli programmalardan ýurtdaky Internet ulanyjylaryň umumy sanynyň 37,3%-i peýdalanýar.
Resminamada Hytaýyň eýýäm yzygider 10-njy ýyl iň ýokary derejeli döwlet domenleriniň sany boýunça dünýä liderligini saklamagy dowam etdirýändigi bellenilýär. Iýun aýynyň ortasyna çenli olardan 19,56 mln sanysy hasaba alyndy (Hytaýyň Internet segmentinde hasaba alnan domenleriň umumy sanynyň 61,4%-i).
Hytaý ulanyjylarynyň esasy bölegi Internete ykjam gurluşlaryň kömegi bilen girýär. Ýurtda bäşinji nesil aragatnaşyk ulgamy (5G) işjeň ösdürilýär. Iýun aýynyň ortasyna çenli Hytaýda bu aragatnaşyk ülňüsi üçin 3,92 mln esasy stansiýa guruldy.
9
20
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.