Karaleva_
31.08.2024 00:05
Arheologlar Islandiýada diňe bir ylmy jemgyýeti däl, eýsem, Internet ulanyjylaryny hem gyzyklandyran wiking döwrüniň seýrek duş gelýän daş oýnawajyny tapdylar diýip, live Science belläp geçýär.

940-1000-nji ýyllaryna degişli heýkeljik, gulagy gopan dört aýakly haýwany şekillendirýär. Hünärmenler munuň haýsy haýwandygy barada ylalaşyp bilmeýärler.
Internet ulanyjylary bolsa, oýunjakda islandiýaly it şekillendirilýär diýip hasaplaýarlar. Ýöne arheologiki toparyň ýolbaşçysy Ragnheýdur Traustadottir bu pikire şübheli garaýar, sebäbi heýkeljigiň ýüzi hakyky tohumyň ýüzüne laýyk gelmeýär.

"Wiking döwrüniň oýnawajy – gaty seýrek duş gelýän tapyndydyr" - diýip, ol belleýär.

Oýnawajyň tapylan ýerindäki gazuw-agtaryş işleri 2020-nji ýylda läbikden goraýan diwarlaryň gurluşygynyň öňüsyrasynda başlandy. Köp ýyllaryň dowamynda arheologlar mazar depesi, ferma, degirmen, şeýle hem wiking döwrüniň dört gubury ýaly köp sanly gymmatly ýadygärlikleri tapdylar.
10
47
graff
31 Awgust 2024
@zumerret_, Tm cars
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.