Islandiýalylar TikTok sosial ulgamyndaky wirusa öwrülen trend sebäpli hyýar ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Özüni “hyýar ýigidi” diýip atlandyran Kanadadan meşhur bloger Logan Moffit TikTok-da hyýar bilen dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullaryny hödürleýär. Onuň eýýäm onlarça million gezek görlen wideolary, netijede, Islandiýada hyýara bolan islegiň ep-esli ýokarlanmagyna getirdi diýip, Bild ýazýar.
Ýurtda hyýar satuwy iki esseden gowrak ýokarlandy, bu hem ýetmezçiligi ýüze çykardy. Içerki bazarda hyýarlaryň 99%-ini öndürýän Islandiýa görlüp-eşidilmedik ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Adatça, hasyl 400 müň ýaşaýja ýetýär. Islandiýa fermerleriniň assosiasiýasyndan Kristin Sweýnsdottir ýurduň şeýle meselä ilkinji gezek sezewar bolýandygyny aýdýar. Islandiýada ýyllyk hyýar önümçiligi alty milliona ýetýär, ýöne häzir bu mukdar ýeterlik däl boldy.
Moffit öz wideolarynda hyýary dürli tagamlar, mysal üçin, gaýmak peýniri, awokado, kakadylan azatmahy, künji ýagy bilen garmagy maslahat berýär.
Tmcars