Karaleva_
30.08.2024 12:02
Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine seýrek duşýan ýadygärlik - VIII–X asyrlaryň abbasylar döwrüniň altyn dinary sowgat berildi. Agramy 4,27 gram bolan bu gymmatly şaýy muzeýe Zähmet şäherçesiniň ýaşaýjysy Nurmuhammet Babaýew berdi diýip, muzeýiň direktory Ýazgül Tirkişowa "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berýär.

VIII–XIII asyrlarda ýaşap geçen Abbasylar halyflygy yslam dünýäsiniň iň iri imperiýalarynyň biri bolupdyr we onuň altyn puly döwletiň ykdysady kuwwatyny görkezipdir. Bu şaýylar 4,25-4,27 gram agramda bolýar we Mukaddes Gurhandan setirler bilen bezelýär. Bu görnüşdäki şaýylar soňky asyrlarda hem pul zikgelemek üçin nusga bolup hyzmat edipdir.
Marynyň muzeýinde bu hili tapyndynyň peýda bolmagy Türkmenistanyň taryh ylmy üçin öanly wakadyr.
Muzeýiň hünärmenleri dinary düýpli öwrenmegi, ony mälim bolan beýleki nusgalar bilen deňeşdirmegi we Abbasylar halyflygynyň taryhyny öwrenmäge goşant goşmagy meýilleşdirýärler.

tmcars
8
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.