Karaleva_
29.08.2024 22:53
Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (Şweýsariýa) alymlary pikiri 91% takyklyk bilen tekste geçirip bilýän kiçijik çip döretmek arkaly neýrotehnologiýa pudagynda üstünlik gazandylar diýip, Hi-Tech habar berýär.

Kindiwanja beýni-kompýuter interfeýsiniň (MiBMI) bary-ýogy 8 mm² meýdany bar we implantirlenen elektrodlary ulanyp, çylşyrymly nerw signallaryny kodlamaga ukyply.
MiBMI adam tekst ýazmagy göz öňüne getirende, eliň hyýaldaky hereketleri bilen baglanyşykly nerw işjeňligini tutup bilýär. Soňra çip signallary dessine işleýär we olary sanly tekste öwürýär.
Barlagyň awtorlaryndan biri Mahsa Şoaran: "Bu üstünlik hereket ediş ulgamy agyr  şikesli adamlaryň aragatnaşyk ukyplaryny ep-esli gowulandyrjak amaly, durmuşa geçirip boljak çözgütlere has ýakynlaşdyrýar" -diýdi.
Çip entek implantlanýan interfeýse birleşdirilmedik hem bolsa, öňki ýazgylardan alnan maglumatlar boýunça geçirilen synaglar onuň ýokary takyklygyny görkezdi.
Bu öwrülişikli çözgüt hereket ediş mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuşyny üýtgedip, olara  pikirleri arkaly erkin aragatnaşyk saklamak ukybyny berer.

тмкарс
9
51
zumerret_
29 Awgust 2024
@Karaleva_, siz derejeli agza , siz bilen postyň tertibi barada çekeleşip otyrmagyň geregi yok ! 👍
zumerret_
29 Awgust 2024
@Karaleva_, bilyan bolsanyz gaty gowy )
zumerret_
29 Awgust 2024
@Karaleva_, duzgunnamany mana okap gorseniz diyanizmi !? Name indi size duydurysam bermankak duzgunnamany okap son size yazmaly boldykmy ?
zumerret_
29 Awgust 2024
@Karaleva_, menem zyyany yok diydima (
zumerret_
29 Awgust 2024
@Karaleva_, türkemn elipbiýde ýazmagňyzy haýş edyan hormatlym . Zyyany yok bu sapar . Selbiň posty zerarly klawituran rus elipbiyde galan bolmagy ahmal ))
zumerret_
29 Awgust 2024
Name üçin postyň adyny türkmen elipbiýde ýazmadyňyz ?
zumerret_
29 Awgust 2024
Bu haywanlardada ulanylya oytyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.