ilhano_va
29.08.2024 22:06
Bu dünýä täzeden gelesim gelýär,
Ýüregimi alaçsyzlyk bürende.
Sen meni gaýtadan ýene bir dogur,
Çöldäki ak çägeleriň üstünde,
hem taşlap gaýt meni möjek sürenne.

Ene möjek eýe çyksyn, goý, maňa,
Öwretsin awuňy kakyp almagy,
Ýamana diş çarhlamagy öwretsin.
Depe aşýan keýikleriň yzyndan,
Süýneýin Togrulyň peýkamy ýaly,
Awuň kowup almak – döwletdir.
Ýalaw ýaly dişlem bolsun ýaragym,
Hem ýiti pyçak dek dyrnakly penjäm.

Guýruk gapmak üçin girsem agyla,
Öňde köpek,
(güýji-kuwwaty mençe),
Çopan tüpeňine arka diremän,
Dikleşse,
⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀goý, meniň läşimi sersin,
Al-hiläni gyra goýsa, eger-de,
Ýogsa, ýol bersin!

Guýrukda dawam bar,
Men çölüň ogly,
⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀sähra meň öýüm,
Şunda dünýä inip, ýaşasym gelýär,
Ýüregimi gaplap alanda dowul.
...Çöldäki ak çägeleriň üstünde,
Sen meni gaýtadan ýene bir dogur,
hem taşlap gaýt meni möjek sürenne...

Jumageldi Mûlkiyev
12
188
zumerret_
30 Awgust 2024
@olia, 😂 alyp ýetişmedimi
olia
30 Awgust 2024
Sho duydurysh mende yarty sozde kesilip galyan yaly🤔
ilhano_va
30 Awgust 2024
@zumerret_, ol bas sahypadaky duydurusy men goydum. Onnanam dine mana aydylya sol surat gurruni. Borla inni post goyjak dalle yone yurege dusdiler
zumerret_
29 Awgust 2024
Aytyan *
zumerret_
29 Awgust 2024
@ilhano_va, baş sahypadaky duyduryşy gorenzokmy cynanam . Men hemmade yatyan !
ilhano_va
29 Awgust 2024
Haysy duydurus
ilhano_va
29 Awgust 2024
@zumerret_, dine mana diyyanizmay surat surat diyip gozuniz dine meni goryami???
zumerret_
29 Awgust 2024
Goşgy dalde hekaya okan yaly boldym . Surata baglanyan yeri yok . Duyduryşy okamadyňmy Köwser )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.