Stenford uniwersitetiniň inženerleri agaç desgalaryny we binalary ýangyndan gorap biljek täze gel işläp düzdüler.
Bu material üstki gatlaga çalynýar we guranyndan soň, ýylylygy netijeli ýaýradýan we agajy goraýan çydamly gözenek köpügini emele getirýär diýip, Hi-Tech.Mail.ru habar berýär.
Bu geliň esasy düzüm bölegi, ony guranyndan soň, aerogele öwürýän we ýylylykdan goraýjy aýratynlyklaryny ýokarlandyrýan kremnezemdir.
Synag wagtynda gel 7 minutlap göni ýangyna garşy çydamak ukybyny görkezdi, bu bolsa bar bolan şuňa meňzeş jisimlerden 4 esse uzak çydamlylykdyr. Mundan başga-da, gel beýleki ýangyn söndüriji gellerden tapawutlylykda, guranyndan soň hem gorag aýratynlyklaryny saklaýar.
Täze gel ekologiýa taýdan arassa diýip hasaplanýar. Bu material binalary ýangyndan goramak, howpsuzlygy ýokarlandyrmak we ýangyn howpuny azaltmak üçin täze mümkinçilikleri açýar