zarina_
28.08.2024 16:46

Zümerret mydama-da iñ güýçli we syrly tumar hasaplanýar. Oña gadymy döwürlerden bäri ýokary baha berlip gelinýär. Sammoskiýniñ hökümdary Polikratyñ zümerret bilen baglanyşykly rowaýaty bar. Ol hökümdaryñ işi diyseñ üstünlikli hem-de şowly bolanmyş. Emma onuñ dosty, Müsüriñ şasy Masis täleýi çüwenleriñ ykbalynyñ gynançly tamamlanýandygyny duýdurýar. Masis söweşdeşine hudaýa gymmatly bir zadyny bagyşlamagy, pida bermegi maslahat berýär. Polikrat iñ halaýan ullakan zümerret gaşly ýüzügini gurban bermek kararyna gelip, ony deñze oklaýar.

Ýöne birnäçe günden soñ, ol ýüzük şa nahary üçin taýýarlanylýan balygyñ içinden çykýar. Tapyndyny dessine Polikrata berýärler. Şondan soñ ol täleýiñe ýazylanyndan hiç wagtda hem gaçyp gutulyp bolmaýandygyna ynanýar.

11
65
zarina_
30 Awgust 2024
@Islam_Atayew, eyyy howwa barley
zarina_
29 Awgust 2024
@Islam_Atayew, Salam gowy sen gowmyn mendede ishlanok so
zarina_
29 Awgust 2024
@zumerret_, howwaaa🥰
zumerret_
28 Awgust 2024
😊👍. Zümerret özine çekiji diysene )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.