yurejigim
26.08.2024 19:07
Sorag
Himiýa professory «Nobel» baýragyna mynasyp bolupdyr. Baýragyň gowşurylyş dabarasy geçip gutaransoň, birinji sapakda talyplaryň biri ondan sorapdyr:
– Mugallym! Amerikada himiýa ylmy bilen meşgullanyp ýören alymlaryň sany üç müňden hem köp. Ýöne «Nobel» baýragy şolaryň arasyndan diňe size nesip edipdir. Siziň beýleki alymlardan tapawutlanýan tarapyňyz näme?
Bu geň sowala professor birbada ýylgyryp jogap beripdir. Soňra bolsa, özüniň berjek jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan talyplara ýüzlenip şeýle diýipdir:
– Dogrusyny dogry aýtmaly. Men bu ýeten derejäm üçin ejemiň öňünde bergidardyryn. Sebäbi okuwçykam her kimiň ene-atasy çagalary okuwdan öýe gelende: «Bu gün sapakda mugallymyň beren soraglaryna oňat jogap berdiňmi?» diýip sorardy. Meniň ejem bolsa maňa: «Hany, aýt oglum! Bu gün sapakda mugallymyňa oňat sorag berdiňmi?» diýerdi. Ine, meniň beýlekilerden üýtgeşik tarapym şy boldy. Men elmydama sorag berip ýaşadym. Ömrümiň ahyryna çenli hem sorag bermäge dowam ederin.
18
101
1089
27 Awgust 2024
👍
sazsoft
26 Awgust 2024
💗
sazsoft
26 Awgust 2024
sorag *bermegi dowam ederin. ✏️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.