ilhano_va
26.08.2024 13:42
Özümi synlardym garagyň bolsam,
Başyňy sypardym daragyň bolsam.
Agyr gün-aýlarda solan pursatym
Tämiz gülkülerňe kalbymy ezdim.
Eger-de ýylgyrşyň bolan bolsadym,
Seni goýup, hiç bir ýana gitmezdim.

Bagtyň bolan bolsam agyr günlerde,
Ýylgyraryň ýaly “gyjyklardym” men.
Köýnegiň bolsadym, dep edip derdim,
Egniňde hemişe gujaklardym men.

Seň ýöreýän köçäň bolan bolsadym,
Kalbymy açardym (basmaga çemli),
Ýöne äkitmez-de asmana çenli,
Seň öňüňden hiç bir ýana sowulman,
Sypap aýna ýaly köwüşleriňden
Seni öz öýmüze getirerdim men...

@Seýran Seyitmammedov
15
39
didar2010
19 Sentýabr 2024
Slm
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.