Awraam Likolnyñ şeýle bir sözi bar
'' Dymyp durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de,gürlap, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan ýene-de dymyp duranyň gowydyr''.
Mundan müň ýyl mundan ozal Omar ibn al-Hattab
"Her bir adam tä gürleýänçä meniň gözüme şeýle bir hormatly ,şeýle bir eziz, gürlansoň, hemme hakykat aýdyň ýüze çykýar. Kimiň- kimdigi ýüze çykýar diýipdir.
Taryhy ýazgylara göra, Luis14 ýaş ýetginjek wagty çeper gürlemekde, jaýdar sözlemekde, birini susdurmakda, dawa- jedelde üstün çykýandygy bilen buýsanar eken. Ýöne tagta çykandan soň ol mese- mälim üýtgäpdir. Az gürlap başlapdyr. Dymmaklyk az gürlemeklik onuň esasy ýaraglarynyň we güýç-kuwwat çeşmeleriniň biri bolupdyr. Şol gürrüňlere görä, hatda onuň wezirleri hökümdar bilen bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin hem ençeme sagatlap aram- karar tapman, hökümdara meseläni nädip ýetirmegiň ugruny bilmän zowzuldap ýörer ekenler. Öz aralarynda iki sany wekili saýlap, şol teklibi Luis14- ä hödürlemäge zordan boýun eder ekenler. Ony nähili, haçan hödürlemelidigi hakda uzak wagtlap kelle döwer ekenler. Geňeşden soňra, iki sany adam gorka- gorka bu teklibi hökümdaryň ygtyýaryna berip, ähli ýagdaýyny, taraplaryny jikme-jik beýan edenlerinden soňra, Luisiň dymmak haýbaty bilen baş atmasyndan soňra, ol ýerden dolanar ekenler. Hä- howwada bermez eken.
Bir mahalky ýaňra Luis14 bu häsiýet bilen hökümdaryň huzuryna gelende her bir hereketiňe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini gazanypdyr. Soňra bu hakda eser ýazan San Simon Luis hökümdary şeýle suratlandyrýar "Her sözüni gyzyla gaplaýmaly edip satýan şeýle adamyny hiç kim gören däldir. Onuň ýylgyryşlary hem, nazary- garaýyşlary hem, ondaky her bir edim- gylym, hüý- häsiýet hem şeýle bir gözeldi. Ol üýtgeşik häsiýetli adamdy. Onuň beýikligi az sözlüligi bilen utgaşyp gidipdi".