manolya
25.08.2024 18:37
Goşgy okap bersene !

Ýadyma şool şat çagalyk döwrümi
salar ýaly goşgy okap bersene !
Meniň mydam mähre mätäç göwnümi
alar ýaly goşgy okap bersene !

Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym ,
Arş elden gaçyrdy yşgyň bulguryň ...
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň
çalar ýaly goşgy okap bersene !

Ýüregiň bar -ýüregime ýanaşyk,
Gideýin men duýgulaňda azaşyp ,
Sekiz jennet lezzetinden azajyk
çiler ýaly goşgy okap bersene !

Günleriň sessizje hoşlaşýanyny ,
Baharyň golaýlap ,gyş geçýänini ,
Entek öz özümden daşlaşmanymy
biler ýaly goşgy okap bersene !

Soňky günler <>,
Asla ýaşamaga elim degmedi...
Şool şygryňda jigerimi jigledi ,
Şolar ýaly goşgy okap bersene !

@ Kakamyrat Rejepow
20
62
manolya
29 Awgust 2024
@okyyjy, çyndanam 😁
manolya
25 Awgust 2024
@garlawac, oka )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.